Gitara sazlary ýaňlandy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzyň her bir künjeginde ähli ugurlarda uly ösüşler gazanylýar. Ýurdumyzda sungatyň ähli görnüşlerine aýratyn üns berilip ýaşlary şol ugurlara höweslendirmek maksady bilen dürli çäreler geçirilýär. Aýdym-saz sungatynda bu günki günde gitara saz sungatyna bolan gyzyklanmanyň artýandygyny görmek bolýar. 2025-nji ýylyň 10-njy maýynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda geçirilen Türkmenistanyň sazçylyk mekdepleriniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda sungat muşdaklaryny bir ýere jemlän – “Gitara sazlarynyň konserti” atly dabaraly konsertiň geçirilmegi aýdylanlaryň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Konsertiň başynda gitara sungaty barada, onuň taryhy, ösüş ýoly barada gyzykly maglumatlar bilen çykyş eden “Sazyň taryhy” kafedrasynyň uly mugallymy Myrat Gurbanowyň temasy, bu ýere ýygnanan ýaşajyk gitaraçylara saz guralyň aýratynlygyna göz ýetirmeklerine täsir etdi.
Konsertde dürli ýaşdaky zehinli gitaraçylar çykyş edip, tomaşaçylara nusgawy we türkmen sazlary hem-de öz döreden kompozisiýalaryny ýerine ýetirdiler. Her bir çykyş özboluşlylygy, sazandalaryň ussatlygy şeýle hem kalpdan çykan duýgulary bilen diňleýjilere ruhy lezzet paýlady.
Konsertiň dowamynda klassik gitara sazlaryndan başlap, häzirki zaman estrada kompozisiýalaryna çenli giň gerimde çykyşlar ýerine ýetirildi we okuwçylaryň sapak pursatlaryndan taýýarlanylan täsirli wideo ýazgylara tomaşa edildi. Sahnada ýerine ýetirilen her bir eser tomaşaçylaryň el çarpyşmalary bilen has-da dabaralandy. Geçirilen bu çäre ýurdumyzyň medeni durmuşynda möhüm orun eýeleýän sungat çäreleriniň biri hökmünde uly ähmiýete eýe boldy.
Suraý SÄHEDOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Sazşynaslyk” hünäriniň IV ýyl talyby.
