Beýik Ýeňişiň 80 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi
Şu günler ýurdumyzyň birnäçe ýerlerinde 1941-1945-nji ýyllarda beýik watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaralar ýokary derejede bellenilip geçilýär. Türkmen halky öz gerçek gahrymanlaryny, merdana goragçylaryny, ýan ýoldaşyny söweşe ugradyp, yzynda ýalňyz galan zenanlary, eneleri we uýalary hiç haçan unutmaz. Watan gahrymanlarymyzyň atlary “Hatyra” we “Şöhrat” ýaly kitaplarda baky ebedileşdirildi.
2025-nji ýylyň 1-nji maýynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky sazçylyk mekdebinde Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiniň 80 ýyllygyna bagyşlanyp, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýanyň “Estrada sungaty” hünäriniň I-IV ýyl talyplarynyň gatnaşmagynda konsert geçirildi. Konserte ýörite sazçylyk mekdebiniň talyp ýaşlary bilen birlikde “Kirişli saz gurallary” bölüminiň mugallymlary hem gatnaşdylar.
Konsert meýilnamasynda türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň watançylyk hem-de gahrymançylyk temasynda dürli döwürlerde döreden saz eserleri ýerine ýetirildi.
Ýerine ýetirilen eserlerden belli türkmen kompozitorlary D. Öwezowyň, N. Halmammedowyň, Ç. Nurymowyň, A. Agajykowyň ajaýyp watanmyzy wasp edýän eserleri diňleýjiler köpçüligi üçin has-da täsirli boldy.
Konsertiň ahyrynda oňa gatnaşanlar watanymyzyň asudalygy, halkmyzyň parahatlygy ugrunda dünýä ähmiýetli işleri alyp barýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.
Selbi KARAÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Estrada sungaty” hünäriniň IV ýyl talyby.
