Barokko döwrüniñ ussat kompozitorlarynyñ ýubileýi bellenildi
Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Sazyň nazaryýeti” kafedrasy tarapyndan barokko dowrüniñ görnükli wekilleri I. S. Bahyň we G. F. Gendeliň 340 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan çäre geçirildi. Ýubileý çäresiniñ çäginde “Barokko stili sungatda we edebiýatda: taryhy, özboluşly aýratynlyklary we görnükli wekilleri” atly ylmy-amaly maslahaty hem-de “Sazşynaslyk” hünäriniñ talyplarynyñ ýerine ýetiren diwar gazetleriniñ bäsleşigi geçirildi. Maslahaty Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazyň nazaryýeti” kafedrasynyň uly mugallymy M. Saparmyradowa alyp bardy we “Sazyň nazaryýeti” kafedrasynyň müdiri Ş. Annagylyjowanyň giriş sözi bilen açyldy. Ylmy-amaly maslahata Türkmen Döwlet Çeperçilik akademiýasynyň “Sungaty öwreniş” kafedrasynyň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň “Ýewropa dilleri we edebiýaty”, “Rus dili we edebiýaty” kafedralarynyñ talyplary gatnaşdylar.
Maslahat Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň 3-nji ýyl talyby Aýnur Nuryýewanyň “Barokko döwrüniň saz simwolikasy” atly çykyşy bilen dowam etdi. Maslahatda Türkmen Döwlet Çeperçilik akademiýasynyň “Sungaty öwreniş” kafedrasynyň talyplary barokko döwrüniñ binagärliginiñ, heýkeltaraşlygynyñ we nakgaşlygynyñ çeper häsiýetlerini özleriniň çykyşlarynda beýan etdiler.
Dabara aýdym-saz bilen utgaşdyrylyp, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Kirişli saz gurallary” hünäriniñ talyplarynyñ ýerine ýetirmeginde I. S. Bahyň iki skripka üçin D-dur konsertiniñ I bölümi hem-de G. F. Gendeliň g-moll passakaliýasy ýañlandy.
Ylmy-amaly maslahat Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň “Ýewropa dilleri we edebiýaty”, “Rus dili we edebiýaty” kafedralarynyñ talyplarynyň, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň 2-nji ýyl talyby Aýjahan Abalakowanyň çykyşlary bilen tamamlandy.
Arzuw AŞIROWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
"Sazşynaslyk" hünäriniň III ýyl talyby.
