Dost-doganlyk gatnaşyklary berkeýär


      Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan daşary syýasaty netijesinde Türkmenistan döwletimiz bilen daşary döwletleriň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklary has-da berkeýär. Şu ýyl ýurdumyzda Beýik watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenilip geçiler. Türkmen halky Gahryman diýen ada, ordendir medallara mynasyp bolan Watanymyzyň merdana goragçylaryny, ýan ýoldaşyny söweşe ugradyp, yzynda ýalňyz galan zenanlary, eneleri we uýalary hiç haçan unutmaz. Türkmen döwleti frontçylaryň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň zerurlyklaryna aýratyn üns alada bilen garaýar. Milli gahrymanlarymyzyň atlary “Hatyra” we “Şöhrat” atly kitaplarda ebedileşdirildi. Beýik ýeňşiň şanly baýramy mynasybetli Russiýa Federasiýanyň Moskwa şäherinde maý aýynyň 9-na geçiriljek dabaraly çäreler mynasybetli häzirki günlerden taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şol dabaralarynyň çäginde GDA döwletleriniň medeniýet we sungat wekilleriniň gatnaşmagynda birnäçe konsert çykyşlary meýilleşdirilýär. Türkmenistan, Azerbaýjan, Gyrgyzystan, Ermenistan, Gazagystan, Belarussiýa, Täjigistan, Özbegistan ýaly döwletleriň wekilleriniň gatnaşmagynda birleşen hor toparynyň çykyşy hem konsert meýilnamasynyň esasylarynyň biri bolup durýar. Ýaşlardan jemlenen 250 adamdan ybarat uly hor toparynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplarynyň hem bolmagy biz talyp ýaşlary has-da buýsandyrýar.
     Häzirki günlerde bu konserte taýýarlyk işleri geçirilýär. Russiýa Federasiýanyň Gnesin adyndaky saz akademiýasynda Azerbaýjan döwletinden gatnaşýan ýaşlar bilen bilelikde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary “Священная война” (“Mukaddes uruş”), “Колокола” (“Jaňlar”) gimni we “День Победы” (“Ýeňiş güni”) ýaly eserleriň üstünde işleýärler. Taýýarlygy Gnesin adyndaky saz akademiýasynyň rektory Ryžinskiý Aleksandr Sergeýewiç geçirýär.
     Şeýle dabaraly çärelerde türkmen talyp ýaşlarynyň çykyş etmekleri, olaryň sahna medeniýetiniň ösmeginde uly täsiri bardyr. Talyp ýaşlaryň beýleki dostlukly döwletlerden gatnaşýan sungat wekilleri bilen öz bilim alýan hünärleri boýunça tejribe alyşmaklarynda hem onuň oňyn netijesiniň bardygyny bellemek zerurdyr. 
      Türkmen talyplarynyň ýokary derejelerde bilim almaklary, ajaýyp sahnalarda çykyş etmekleri üçin döwletimiz tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilip berilýär. Şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna talyp ýaşlaryň alkyşlary we hoşallyklary soňsyzdyr.





Ogulgözel NIMETOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Sazşynaslyk” hünäriniň II ýyl talyby.



66fe3e4b0e9fd916.png (787×65)



Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm