SAZ BILIMINI ÖSDÜRMEKDE II YLMY-USULY MASLAHAT
Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzda aýdym-saz bilimini ylmy derejede öwrenmek bilen bagly birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy tarapyndan Aşgabat we Arkadag şäherleriniň hem-de welaýatlaryň sazçylyk we sungat mekdepleriniň mugallymlarynyň gatnaşmagynda “Berkarar Döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda saz biliminiň we ýerine ýetirijilik sungatynyň wajyp meseleleri” atly II ylmy-usuly maslahatyň geçirilmegi aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr.
2025-nji ýylyň 3-nji maýynda geçirilen ylmy-usuly maslahatyň açylyşynda konserwatoriýanyň rektory, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty R.Amangeldiýew, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy, Türkmenistanyň halk artisti A. Garýagdyýew, Türkmenistanyň at gazanan artisti, sungaty öwreniş ylymlarynyň doktory Ç. Jumaýew dagylar “Türkmen wokal sungatyny millileşdirmegiň esaslary”, “Türkmen halk aýdym saz sungaty we olary öwrenmegiň ähmiýeti”, “Ýaş kompozitorlaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmekde ýörite hünär dersleriniň ähmiýeti”, “Okuw işinde mugallymyň resminamalary we ýöredilişi”, “Türkmen halk dessanlaryny ylmy esasda öwrenmek” atly temalar bilen çykyş edip, bu ylmy-usuly maslahatyň wajyplygy, saz sungatyny ylmy derejede öwrenmekde täsiri dogrusynda bellediler we maslahatda çykyş etjeklere üstünlikleri arzuw etdiler.
Soňra ylmy –usuly maslahat üç bölümçelere bölündi.“Saz-nazaryýet derslerini okatmagyň usulyýeti: teoriýa we tejribe” atly birinji bölümçesini “Sazyň nazaryýeti” kafedrasynyň uly mugallymy M. Saparmyradowa alyp bardy. Onda sazyň taryhy we nazaryýetine degişli dersleri okatmagyň häzirki zaman usulyýeti: däp we innowasiýa usullary barada özara maslahat we sorag-jogap alşyldy. Maslahatyň çäginde ýokary okuw mekdebinde mugallymlaryň berýän bilimleriniň hilini ýokarlandyrmak hem-de talyplary okuw prosesine has işjeň çekmek maksady bilen innowasion usullary ulanyp dersleri alyp barmagyň birnäçe görnüşleri barada çykyş etdiler. Ylmy-usuly maslahatda taryhy nazaryýet derslerini okatmagyň wajyp meseleleri, dersleriň mazmunyny we gurluşyny täzelemegiň ýollary, taryhy-nazaryýet dersleriniň usulyýetini döwrebaplaşdyrmagyň esasy ugurlary hem-de saz-nazaryýet we taryhy dersleriniň dersara baglanyşygy baradaky tematiki ugurlar boýunça çykyşlar edildi.
“Sazyň taryhy” kafedrasynyň müdiri B. Ýakubowanyň alyp barmagynda “Halk saz ýerine ýetirijiliginiň usulyýeti: teoriýa we tejribe. Halk saz döredijiliginiň nusgalaryny toplamagyň we nota geçirmegiň meseleleri” atly ikinji bölümçede Türkmenistanda saz bilimini döwrebaplaşdyrmakda täze maksatlar we wezipeler, ýekebara hünär derslerine sanly ulgamy ornaşdyrmagyň ähmiýeti, “Halk saz gurallary” orkestriniň ýerine ýetirijilik we repertuar meseleleri, dutar-gyjak sazlaryny nota boýunça öwretmegiň we nota geçirmegiň tejribe usullary barada çykyş etdiler.
“Ýerine ýetirijilik sungatynyñ taryhy we nazaryýeti. Ýerine ýetirijilik sungatynda interpretasiýa meseleleri” atly üçünji bölümçäni “Sazyň taryhy” kafedrasynyň uly mugallymy Gözel Magtymgulyýewa alyp bardy. Bu bölümçede käbir saz gurallaryň ýerine ýetirijilik sungatynyň taryhy we ösmegi hem kämilleşmegi barada ylmy maglumatlar gürrüň berdiler. Ýerine ýetirijileri okatmagyň usulyýetiniň aýratynlyklary, tehniki kynçylygyň käbir usullary barada hem-de çagalaryň durmuşynda sazyň terbiýeçilik wezipesini aýdyp geçdiler. Türkmenistanda fortepiano sungatynyň taryhy, innowasion tehnologiýalaryň üsti bilen fortepiano saz guralyny çalmagy öwretmegiň usulyýeti, Çagalar sazçylyk we sungat mekdebinde fortepiano ýerine ýetirijiliginde okuwyň başlangyç endikleri we ökde hünärmenleri taýýarlamakda innowasiýa tehnologiýalaryň ähmiýeti barada çykyş etdiler.
Gysga wagtlyk arakesmeden soň Türkmenistanyň ýörite sazçylyk we sungat mekdepleriniň mugallymlarynyň gatnaşmagynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda saz biliminiň we ýerine ýetirijilik sungatynyň wajyp meseleleri” atly II ylmy-usuly maslahatyň ýapylyşy geçirildi. Geçirilen maslahatyň dowamynda edilen çykyşlaryň wajyplygy, onda saz sungatyna degişli edilen teklipleriň zerurlygy barada aýdylyp geljekde olaryň üstünde aýratyn işleriň geçiriljekdigi bellenildi. Soňra işjeň gatnaşyp çykyş eden mugallymlar hormat hatlary bilen sylaglanyldylar.
Gunça MEREDOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Sazyň nazaryýeti” kafedrasynyň uly mugallymy.
