Ýaş ýerine ýetirijiniň üstünlikli çykyşy
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda ýaş sazandalaryň ýekelikdäki konsertleri eýýäm birnäçe ýyl bäri yzygiderli geçirilip gelinýär. Bu konsertleriň geçirilmegi sazandalaryň bilim alýan hünärleri boýunça ýokary derejelerde üstünliklere ýetmegine oňyn täsirini ýetirýär. Şeýle konsertleriň biri 2025-nji ýylyň 2-nji maýynda konserwatoriýanyň uly konsert sahnasynda geçirildi. “Halk saz gurallary” kafedrasynyň uly mugallymy T.W.Ýuzeýewanyň birinji ýyl talyby, Halkara bäsleşiginiň “Halk saz gurallarynda ýerine ýetiriş” ugry boýunça laureaty, zehinli ýerine ýetiriji Perhat Tagiýewiň çuň manyly hem-de ýokary derejede taýýarlan ýekelik konserti diňleýjiler üçin has-da täsirli çykyşlaryň biri boldy.
Konsert meýilnamasy örän baý hem-de dürli döwrüň we dürli döwletleriň kompozitorlarynyň eserlerini özinde jemläpdir. Ilkinji eser hökmünde I.S.Bahyň “Organ üçin prelýudiýa we fuga” atly eseri P.Tagiýew tarapyndan akkordeona geçirilmegi bilen başlan konsert, klassik we häzirki zaman sazlarynyň sazlaşygyny görkezdi. Bahyň eserinde ýerine ýetirijiniň tehniki ukyby, ritmik duýgusy we saz çykaryş ussatlygy öz aýdyň beýanyny tapdy.
Konsertiň dowamynda Nury Halmämmedowyň “Tema we wariasiýalary” (T.Ýuzeýewa tarapyndan akkordeon üçin geçirilen) türkmen kompozitorçylyk sungatynyň saz baýlygy hem-de içki duýgy çuňlygyny açyp görkezdi. Bu eseri ýerine ýetiriji dürli häsiýetli owazlary ussatlyk bilen ýerine ýetirdi.
Fransuz kompozitory K.Sen-Sansyň meşhur “Пляска смерти” atly eseri dinamiki güýçliligi, dramatik saz gurluşy bilen diňleýjileriň ünsüni özüne çekdi. Şeýle-de Ý. Derbenkonyň “Извозчик Парафраз на тему песни Н. Богословского”, W.Dikusarowyň “Skerso” we A.Dwoskin “Brazil Rapsodiýasy” ýaly eserleri saz dünýäsiniň giň çägini görkezdi.
Dünýä belli kompozitorlaryň – N.Paganini (R.Wýurtner “Kampanella”) we F.Şopeniň “Ballada №1” g-moll ýerine ýetirilmegi ýerine ýetirijiniň saz düşünjesiniň giňdigini görkezdi. Şeýle hem T.Kuliýewiň “Lezginka” hem-de A.Pýasollanyň “Libertango” eserler ýerine ýetirilmegi konsertiň soňuna täzelik we duýgy güýjüni goşdy.
Parahat Tagiýewiň diňe bir akkordeon çalýan ýerine ýetiriji däl – ol duýguny saza öwürýän ýaş dörediji hökmünde özüni görkezendigini bellemek zerurdyr. Onuň çykyşlarynda diňe bir saz ýaňlanman, eýsem ruhy dünýäleriň çeper gürrüňi açylýar. Ýaş ýerine ýetirijiniň zehini we çäksiz höwesi, halk saz gurallary hünäri boýunça bilim bermek bilen zähmet çekýän mugallymlaryň, gelejekde şeýle zehinleri taýýarlamaga bolan höwesini has-da artdyrdy.
Konsertiň ahyrynda oňa gatnaşanlar şeýle döredijilik ýoluna mümkinçilik döredýän hormatly Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden minnetdarlyk we hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Hatyja AKMYRADOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Sazşynaslyk” hünäriniň IV ýyl talyby.
