Türkmenistanyň ilkinji zenan kompozitorynyň eserlerinden düzülen konsert
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda medeniýetimiz, sungatymyz beýik ösüşlere ýetýär. Toýlarymyz toýa ulaşýan güneşli diýarymyzda ýylymyzyň buýsançly şygaryny şöhratlandyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
Ýakynda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, dosent ilkinji zenan kompozitor Jeren Gurbangylyjowanyň eserlerinden düzülen konserti geçirildi. Bu dabaraly konserte konserwatoriýanyň halypa mugallymlary we talyp ýaşlary bilen birlikde ussat zenanyň kärdeşleri, ýakyn dostlary, dogan-garyndaşlary we myhmanlaryň hem birnäçesi gatnaşdylar. Konsertde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy Nury Muhyýew, 5-nji ýyl talyby Kowus Bäşimowyň dirižýorlyk etmeginde “Poema”, “Guwan Türkmenim”, “Dutar we orkestr üçin konsert” I bölüm, “Bedewim”, “Durnalar”, “Kim sen”, “Seni ýatlap”, “Сквоз разлуку”, Klarnet we orkestr üçin iki pýesa “В сквере”, “Двое под дождём”, “Ýagyşly gün”, “Men bagtly”, Fortepiano we orkestr üçin III bölümden ybarat konsert ýaly ussat zenan kompozitorynyň dürli ýyllarda döreden ajaýyp eserleri ýaňlandy. Kompozitoryň sazlary aýdyň söýgini, joşgunly pelsepe oý-pikirlerine baý bolup, myhmanlaryň gyzgyn el-çarpyşmalaryna mynasyp boldy.
Dabara gatnaşan myhmanlar ussat zenan kompozitoryna türkmen kompozitorçylyk mekdebiniň dowam etmeginde birnäçe şägirtleri ýetişdirmekde alyp barýan işlerinde uly üstülikleri arzuw etdiler.
Dabaranyň ahyrynda ilkinji türkmen zenan kompozitory bagtyýar türkmen halkymyzyň nurana gelejegi üçin beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdi.
Gülkamar DÖWLETOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Sazşynaslyk” hünäriniň III ýyl talyby.
