HOR ESERLERI ÝAŇLANDY


      Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ajaýyp sahnasynda Aşgabat şäherindäki aýdym-saz toparlarynyň çykyşlaryň geçirilmegi eýýäm birnäçe ýyldan bäri asylly däbe öwrüldi. Şeýle çykyşlaryň geçirilmegi toparyň her bir agzasy üçin öz hünärlerinden ýene-de öňe gidişlikleri gazanmagyna oňyn netijesini berýändigini bellemek bolar.  
Şeýle konsert çykyşlarynyň biri 2025-nji ýylyň 29-njy aprelinde Türkmenistanyň Döwlet hor toparynyň gatnaşmagynda geçirildi. 
     Topar türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň nusgawy eserlerini ýokary derejede ýerine ýetirdi. Daňatar Öwezow we Adrian Şapoşnikowyň “Şasenem Garyp” operasyndan “Tüni derýa”, Baýramdurdy Hudaýnazarowyň “Gülle Bitarap Türkmenistan” ýaly aýdymlary bilen birlikde belli Wena klassiki kompozitory W.A.Mosartyň “Rekwiýem”, rus halk aýdymyny “Eý uhnem”,    P. Çaýkowskiýniň “Ýewgeniý Onegin” operasyndan “Gyzlar hory” ýaly eserleri has-da täsirli boldy.
     Mundan başga-da Türkmenistanyň Döwlet hor topary Haýdar Eminowyň ýolbaşçylygynda uly göwrümli hor eserleriniň birnäçesini: Gazak halk aýdymlary «Kamažaý», «Karatorgaý», gyrgyz halk aýdymlary «Komuzçy», «Süýgönem çyksa bolboýlu», Täjik aýdymy «Muhabbat», Özbek aýdymlary «Nomanganing olmasi», «Kylpyllama» eserlerini ýerine ýetirdiler.
      Konsertiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ajaýyp çykyşlary üçin toparyň guramaçylyk işlerine ýakyndan ýardam beren ähli işgärlere öz minnetdarlyklaryny aýtdylar. Hor toparyna hem mundan beýläk döredijilik üstünlikleriniň ýaran bolmagyny arzuw etdiler.  
      Ajaýyp konserte gatnaşyjylar şeýle çykyşlaryň yzygiderli geçirilmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz minnetdarlyklaryny aýtdylar.



Tirkiş AMANNAZAROW,
Maýa Kulyýewa adyndaky 
Türkmen milli konserwatoriýasynyň 
Konsert bölüminiň hünärmeni.



66fe3e4b0e9fd916.png (787×65)



Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm