Parahatçylygy wasp edýän ýaşlaryň joşguny
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň aprel aýynyň 24-26-sy aralygynda Ýörite sazçylyk we sungat ugrly okuw mekdeplerini tamamlan we 2025-nji ýylda tamamlaýan uçurymlaryň arasynda “PARAHATÇYLYGY WASP EDÝÄN ÝAŞLARYŇ JOŞGUNY” atly bäsleşigi we “Açyk gapylar” güni geçirildi.
Bu çäre ýurdumyzda saz sungaty hünäri boýunça bilim alýan ýaş sazandalaryň we aýdymçylaryryň zehinini açmak, olaryň jemgyýetçilik işjeňligini ýokarlandyrmak we döredijilik başarnyklaryny ösdürmek maksady bilen gurnaldy. Bäsleşige ýurdumyzyň ähli ýörite sazçylyk we sungat mekdepleriniň uçurymlary gatnaşdy, olar saz sungaty boýunça milli saz gurallary, kirişli we kakylyp çalynýan saz gurallary, bagşyçylyk sungaty we ýekelikde aýdym aýtmak sungaty, şeýle-de sazşynaslyk we saz eserleri döretmek ugurlary boýunça bäsleşdiler. Bäsleşige gatnaşan ýaş sazandalaryň maksatnamasynda türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň nusgawy saz eserleri ýerine ýetirildi.
Emin agzalary ýaşlaryň taýýarlygyna ýokary baha berip we olaryň ýerine ýetirijilik ussatlygynyň, pikirleniş ugurlarynyň, çykyş medeniýetleriniň örän ýokary derejededigini nygtadylar. Şeýle hem bäsleşikde ýeňiji bolan okuwçylara diplomlar, hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Bäsleşige gatnaşanlaryň arasynda aýratyn saýlanan zehinli sazandalardan “Türkmen milli saz gurallary” hünäri boýunça birinji oruna Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplary Şatlykberdi Işanberdiýew we ikinji oruna Dawut Gulbaýew, üçünji oruna Jepbarow adyndaky Arkadag Ýörite sungat mekdebi Sapa Altyýew mysansyp boldular. “Halk saz gurallary” hünäri boýunça Mary welaýatynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyby Baýrammyradow Hakmyrat, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň talyby Çaryýew Kadyrjan we Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyby Merdan Ismailow ikinji oruna mynasyp boldular. “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” hünäri boýunça birinji oruna Ýörite sazçylyk-mekdep internadynyň okuwçysy Kerim Annalow, ikinji oruna D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň talyby Aýnur Agaýewa we Ýörite sazçylyk-mekdep internadynyň okuwçysy Muhammetresul Şadurdyýew, üçünji oruna Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyby Gülzada Meredowa, Daşoguzyň M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyby Suleýma Atahanow we D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň talyby Umidbek Ulugbekow mynasyp boldular.. “Ýekelikde aýdym aýtmak” hünäri boýunça ikinji oruna Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyby Enejan Sarsynowa we üçünji oruna D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň talyby Rejepmyrat Kakamyradow mynasyp boldular. “Kompozisiýa” hünäri boýunça birinji oruna D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň talyby Ylýas Artykow Yhlas, ikinji oruna Daşoguzyň M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyby Leýli Hudaýberdiýewa we üçünji oruna Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyby Seýitkulyýewa Akjemal mynasyp boldular. “Hor dirižýorlygy” hünäri boýunça Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyby Maýa Nurýagdyýewa we Akmaýa Rahmanowa ikinji oruna mynasyp boldular. “Bagşy” hünäri boýunça birinji otruna D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň talyplary Josgun Mätgeldiýew we ikinji oruna Bägül Döwletmyradowa, üçünji oruna Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyby Şamyrat Aýjanow mynasyp boldular. “Fortepiano” hünäri boýunça birinji oruna Ýörite sazçylyk-mekdep internadynyň okuwçylary Aýnur Otuzowa we ikinji oruna Kerim Nepesow, üçünji oruna Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyby mynasyň boldular. Batyr Joraýew we Ýörite sazçylyk-mekdep internadynyň okuwçysy Leýli Garýagdyýewa mynasyp boldular. “Kirişli saz gurallary” hünäri boýunça Ýörite sazçylyk-mekdep internadynyň okuwçylary Leýli Salyhowa we Nurana Nuryýewa ikinji oruna, şeýle-de üçünji oruna Aýperi Borjakowa mynasyp boldular.
Şonuň bilen baglylykda 2025-nji ýylyň 25-nji aprelinde Bäsleşige gatnaşyjylary bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “açyk gapylar” gününiň çäklerinde dürli hünärler boýunça Ussatlyk sapaklary we Okuw-usuly maslahatlar geçirildi. Olardan Türkmenistanyň halk artisti “Ýörite fortepiano” kafedrasynyň dosenti Orazgül Annamyradowanyň hem-de Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumowyň fortepiano hünäri boýunça; Türkmenistanyň halk artisti, “Dirižýorlyk” kafedrasynyň dosenti Gurbanmyrat Babaýewiň; Türkmenistanyň at gazanan artisti “Türkmen sazy” kafedrasynyň uly mugallymy Çarymyrat Ahunowyň; Türkmenistanyň at gazanan artisti “Halk saz gurallary” kafedrasynyň uly mugallymy Omar Igamowyň; Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” kafedrasynyň dosenti Berdiniýaz Rejepmedowyň hem-de uly mugallymy Ýazguly Babaniýazowyň; Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijileri, “Kirişli saz gurallary” uly mugallymlary Näzik Saryýewanyň hem-de Bahram Dolyýewiň; Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, “Kompozisiýa we gurallama” kafedrasynyň uly mugallymy Suhan Tüýliýewiň; “Ýekelikde aýdym aýtmak” kafedrasynyň dosenti Ýuriý Sarkisowyň, Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýewiň, Türkmenistanyň at gazanan artisti aýna Seýitgulyýewanyň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijisi Aman Amanowyň; Türkmenistanyň halk artisti, “Bagşyçylyk sungaty” kafedrasynyň uly mugallymy Şemşat Hojaýewanyň hem-de Türkmenistanyň at gazanan bagşysy, “Bagşyçylyk sungaty” kafedrasynyň uly mugallymy Kerwen Ýowbasarowyň Ussatlyk sapaklaryny, Sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty, “Sazyň taryhy” kafedrasynyň uly mugallymy Agajan Açylowyň “Türkmen milli saz gurallaryň gadymy nusgalary” temasyndan hem-de Sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty, “Sazyň nazaryýeti” kafedrasynyň uly mugallymy Zufiýa Jumagulyýewanyň “Türkmen mukamlary” temasyndan Açyk sapaklaryny belläp bolar. Şeýle-de, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halypa kompozitorlary bilen aýdym-sazly döredijilikli duşuşygy geçirildi.
Şeýle çäreler ýaş nesliň öz mümkinçiliklerine ynanmagyna, gelejekki kärini dogry saýlamagyna we Watana peýdaly raýat bolup ýetişmegine uly itergi berýär.
Bäsleşige gatnaşan ýaşlar okamaga, öwrenmäge, kämillige ýetmäge ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary soňsuzdyr.
Röwşen ATAÝEW,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Sazyň taryhy” kafedrasynyň mugallymy
