Talyplaryñ döredijilik konserti


        Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda 2025-nji ýylyñ 25-nji aprelinde “Kompozisiýa, saz öwreniş we fortepiano” fakultetiniň “Sazşynaslyk” hünäriniň talyplarynyň taýýarlan döredijilik konserti geçirildi. Talyp ýaşlar öz hünärinden daşary, saz gurallary öwrenip we döredijilik işleri bilen meşgullanýarlar. Bu konsertiň dowamynda talyp ýaşlaryñ okuw durmuşy bilen baglanyşykly wideo şekilleriň görkezilmegi onuň täsirliligini artdyrdy. Bu wideo şekilleri talyplar özleriniñ döredijilik işlerini we medeni köpçülikleýin çärelerden suratlar bilen bezäpdirler.
        Konsertiň dowamynda 1-nji ýyl talyp Şöhrat Meredow “Apat” türkmen halk aýdymyny, Wepa Rzakow “Yrakda durma” türkmen halk aýdymyny, 3-nji ýyl talyplar Arzuw Aşirowa akkordeon saz guralynda, Gülkamar Döwletowa  skripka saz guralynda, Guwanç Hallyýew gitara saz guralynda daşary ýurt kompozitorlarynyň eserlerini ýokary derejede ýerine ýetirdiler. 
       Konsertde aýdym-saz eserleriniň ýerine ýetirmekden daşary “Talyplyk ýyllarda”, “Daglar”  ýaly öziniň döreden goşgylary bilen “Sazşynaslyk” hünäriniñ talyplary Uljaýewa Miýassar we Gulmyradowa Aýläle  çykyş etdiler. Gülküli sahna çykyşlarynyň meýilnamada ýer almagy dabaranyň täsirliligini artdyrdy. Talyplar özleriniñ aktýorlyk ukyplarynyň hem bardygyny bu ýere ýygnananlara görkezdiler. Sahnada özlerini erkin alyp baryp tomaşaçylaryň el çarpyşmalaryna mynasyp boldular. 
       Konsertiñ ahyrynda oňa gatnaşanlar okamana döredijilik işleri bilen meşgullanmaga giñ mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyñ Arkadagly Gahryman Serdarymyzyñ janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler




Hatyja AKMYRADOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky
 Türkmen milli konserwatoriýsynyň 
“Sazşynaslyk” hünãriniñ IV ýyl  talyby.




66fe3e4b0e9fd916.png (787×65)



Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm