“Parahatçylygy wasp edýän ýaşlar” atly konsertler geçirildi


      2025-nji ýylyň aprel aýynyň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet Ýörite sazçylyk mekdebiniň we Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher Ýörite sungat mekdebiniň, Marynyň Ý.Hummaýew adyndaky Ýörite sazçylyk mekdebiniň, Balkan welaýat Ýörite sungat mekdebiniň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli “Parahatçylygy wasp edýän ýaşlar” atly konsertleri geçirildi.
Geçirilen konsertlerde ýörite sazçylyk we sungat mekdepleriniň talyp ýaşlary bilim alýan hünärleri boýunça türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň eserlerini ýokary derejelerde ýerine ýetirdiler. Konsertlere konserwatoriýanyň halypa mugallymlary we talyp ýaşlary bilen birlikde birnäçe myhmanlar hem gatnaşdylar. Zehinli ýaşlar türkmen milli aýdym-sazlarymyz bilen birlikde  daşary ýurt eserlerini hem ussatlarça ýerine ýetirip tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldular. 
       Dabarada çykyş eden ýaşlar aýdym-saz sungaty ugrundan ýokary bilim berýän Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň sahnasynda halypalaryň öňünde çykyş edip özleriniň sahna medeniýetlerini ýokary derejede görkezmegi başardylar. 
      Şeýle zehinli, hünärine ussat talyp ýaşlaryň kemala gelmegi ýurdumyzda bilim ulgamyna we saz älemine uly üns berilýändiginiň, halypa mugallymlaryň bolsa irginsiz çekýän zähmetiniň nyşanydyr.
    Konserte gatnaşanlar şeýle ajaýyp konsertleri geçirmäge, öz hünärlerinden ýokary derejelere ýetmäge döwlet tarapyndan döredilip berilýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz minnetdarlyklaryny aýtdylar.


Nagmat ÖWEZDURDYÝEW,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň 
“Sazşynaslyk” hünäriniň IV ýyl talyby.




66fe3e4b0e9fd916.png (787×65)





Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm