“Ruhy medeniýetiň ösmeginde saz sungatynyň ähmiýeti” atly ylmy-usuly maslahat geçirildi


          Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ähli ugurlar bilen bir hatarda halkymyzyň milli medeniýeti, aýdym-saz sungaty uly ösüşlere hem özgerişlere eýe bolýar. Ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän döredijilik festiwallary, medeniýet günleri, dürli maslahatlar, konsertler we beýleki dabaralar muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň medeniýet ulgamynda alyp barýan syýasatyndan ugur alyp, ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Ruhy medeniýetiň ösmeginde saz sungatynyň ähmiýeti” ady bilen aspirantlaryň, doktorantlaryň hem-de dalaşgärleriň ylmy-usuly maslahaty geçirildi. Şeýle-de bu ylmy-usuly maslahata Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň professor mugallymlary we talyp-ýaşlary gatnaşdylar.
       Maslahatyň başynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ylmy-döredijilik işleri boýunça prorektory Ý.Rejepow çykyş edip, ol öz çykyşynda türkmeniň aýdym-saz sungatynda ahalteke bedewleriniň waspy dogrusynda gyzykly gürrüňleri berdi. Soňra ylmy-usuly maslahat Türkmenistanyň Ylymlar  akademiýasynyň Aspirantura bölüminiň başlygy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty G.Annanepesowanyň, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymlary: “Halk saz gurallary” kafedrasynyň dosenti, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty M.Gapurowyň, “Sazyň nazaryýeti” kafedrasynyň dosenti, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Ý.Osipowanyň, “Sazyň nazaryýeti” kafedrasynyň müdiri Ş.Annagylyjowanyň, “Bagşyçylyk sungaty” kafedrasynyň uly mugallymy K.Ýowbasarowyň çykyşlary bilen dowam etdi. Maslahatda çykyş edenleriň ata-babalarymyzdan miras galan aýdym-saz sungatymyzyň biziň şu günlerimize gelip ýeten ösüş taryhy hem-de bu ajaýyp sungatyň türkmen halk dessanlary, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy bilen baglanyşygy barada beren manyly gürrüňleri diňleýjiler üçin has-da täsirli we peýdaly boldy.
        Ylmy-usuly maslahata gatnaşanlar ýurdumyzda milli medeniýetimizi ösdürmekde, gadymyýetden gözbaş alýan aýdym-saz sungatymyzy dünýä ýaýmakda alyp barýan giň gerimli işleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.


Orazjahan Mämmetdurdyýewa,
Maýa Kulyýewa adyndaky 
Türkmen milli konserwatoriýasynyň 
“Sazşynaslyk” hünäriniň III ýyl talyby.




66fe3e4b0e9fd916.png (787×65)




Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm