Wideo şekiller bäsleşigi geçirildi
Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Saz bilen sazlaşan wideoşekiller” atly wideorolik bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige dürli hünärlerde okaýan höwesjeň talyp ýaşlardan Nursähedow Serdar, Salyhowa Gülhatyja, Garaýew Husaýyn, Kadyrow Mukam, Rejepow Rahymdurdy, Orazdurdyýew Amangeldi, Jumaniýazowa Maral, Nuryýewa Jemal, Gulmyradowa Aýläle, Atajykow Medet, Gylyjow Döwran, Käbäýewa Mährijemal, Jumaýewa Täzegül, Agadurdyýew Kerwen, Ýazgylyjow Ýusup, Güseýinhanow Aýmämmet, Ruslanow Nurmuhammet dagylar gatnaşdy. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy Nury Muhyýew, mugallymlar Mahym Meredowa we Döwlet Garaýew dagylar bu bäsleşige synçy hökmünde gatnaşyp dalaşgär bäsdeş talyplara özleriniň degişli belliklerini we peýdaly maslahatlaryny berdiler.
1) Aýdym-saz sungaty barada;
2) Türkmen kompozitorlary barada;
3) Aýdym-saz ugrundan okadylýan mekdepler hakynda;
4) Ýekelikde we toparlaýyn saz gurallarynda ýerine ýetiriliş sungaty boýunça talyp ýaşlar dürli wideo şekilleri döwrebap äheňde kebşirläp bäsleşigiň şertini ýerine ýetiripdirler. Ady agzalan bäsleşige gatnaşýan talyplaryň her haýsynyň aýratynlykda ýasan gysga görnüşli wideo şekillerine tomaşa edip olaryň aýratynlygyna seretdiler.
Bäsleşigiň ýeňijilerini saýlamak gezegi hem bäsdeşleriň özleriniň paýyna düşdi, ýagny gatnaşyjylar öz bäsdeşlerine bal bermek arkaly, hemmesiniň jemini çykaryp ýeňijileri ýüze çykardylar.
Çekeleşikli geçen bäsleşikde “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” hünäriniň I ýyl talyby Nursähedow Serdar 1-nji orna, şol hünäriň I ýyl talyplary Salyhowa Gülhatyja, Garaýew Husaýyn 2-nji orna, “Fortepiano” hünäriniň I ýyl talyby Täzegül Jumaýewa 3-nji orna we “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” hünäriniň V ýyl talyby Döwran Gylyjow höweslendiriji baýraklara mynasyp boldular.
Bäsleşige gatnaşan talyplar ýokary derejede bilim almaga döredilip berilýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Arzuw AŞIROWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Sazşynaslyk” hünäriniň III ýyl talyby.
