PARAHATÇYLYK SAZY


     Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli Bitarap Diýarymyzda halkara ähmiýetli sungat festiwallary, forumlary, konsert çykyşlary, sergiler yzygiderli geçirilýär. Şeýle dabaraly çäreler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giň gerimde alnyp barylýar. Ýaňy-ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesi bilen bilelikde gurnan konsert çykyşlary munuň aýdyň şaýady bolup durýar. 
     Konsert çykyşlarynyň ilkinjisi Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde geçirildi. Uly şowhuna beslenen konsertde konserwatoriýanyň saz toparlary bilen bilelikde uniwersitetiň zehinli talyplary özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Olaryň arasynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary Selim Gurbansähedowyň we Selbi Bazarowanyň Gahryman Arkadagymyzyň “Bagtyň nury” aýdymyny ýerine ýetirmegi diňleýjileriň kalbyny buýsançly duýgular bilen besledi.
   Dabaraly çäreleriň şowhuny Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda dowam etdi. Bu dabarada ýokary okuw mekdepleriniň döredijilik toparlarynyň bilelikdäki yhlasly zähmeti tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Konsertiň dowamynda institutyň talyplary Peristan Töräýewa, Begnazar Begnazarow, Tumar Bakyýewa, Umit Amandurdyýew dagylar türkmen kompozitorlarynyň döreden ajaýyp eserlerini orkestriň sazandarlygynda ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Orkestre dirižýorlyk etmekde “Halk saz gurallary” kafedrasynyň uly mugallymy Omar Igamow we “Orkestr saz gurallary” fakultetiniň talyby Kowus Bäşimow özleriniň ýokary derejeli ussatlygyny görkezdiler.
     Konsert çykyşlarynyň indiki tapgyry Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller institutynda gurnaldy. Bu ýerde geçirilen konsert hem uly şatlyk-şowhuna beslendi. Zehinli aýdymçylardyr sazandalaryň üstünlikli çykyşy konsertiň gyzgalaňyny has hem artdyrdy. Onuň dowamynda konserwatoriýanyň talyplary operalardan, kinofilmlerden meşhur aýdymlary ýerine ýetirdiler. Bular bilen bir hatarda zehinli kompozitorlar Nurygandym Hojamuhammedowyň, Röwşen Nepesowyň, Omar Igamowyň aýdymdyr sazlary tomaşaçylaryň göwnünden turdy.
    Bilelikde alnyp barlan konsertleriň ýene-de biri Türkmen döwlet maliýe institutynda geçirildi. Onda talyplar meşhur türkmen kompozitorlary Nury Halmämmedowyň, Daňatar Hydyrowyň halkymyz tarapyndan söýlüp diňlenilýän aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. Bu babatda konserwatoriýanyň talyplary Güljemal Taýlyýewanyň, Nazar Garaýewiň ajaýyp zehini aýratyn bellenmäge mynasypdyr.
    Şatlyk-şowhuna beslenen çykyşlar Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň hem konsert zalynyň sahnasyny bezedi. Ýürekleriň töründe orun alan ajaýyp aýdymdyr sazlar konserte gatnaşyjylarda aýratyn täsir galdyrdy. Çykyşlaryň dowamynda konserwatoriýanyň talyplary Humaý Kakaýewa, Täzegül Baýramowa, Mansur Şaripow dagylaryň ýerine ýetiren daşary ýurt estrada aýdymlary uly şowhuna mynasyp boldy.  
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli bilelikdäki konsertleriň jemleýji tapgyry S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde geçirildi. Ýaş zehinlileriň döredijilikli zähmeti netijesinde taýýarlanan şowhunly çykyşlar saz muşdaklarynyň dykgatyna ýetirildi. Bilelikde gurnalan konsertleriň jemleýji pursatynda  ýokary okuw mekdepleriniň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan çäksiz alkyşy wasp edýän aýdymy konserte gatnaşyjylar bilen bilelikde ýerine ýetirmegi dabaranyň şowhunyny has-da belende göterdi. 


Jeýran JORAÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky 
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Sazşynaslyk” hünäriniň IV ýyl talyby.



66fe3e4b0e9fd916.png (787×65)



Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm