Şahyr zenan myhmançylykda
Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Aýdym, dirižýorlyk we saz mugallymçylygy” fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Keýik Artykowanyň gurnamagynda we alyp barmagynda şahyr zenan, “Edebiýat we sungat” gazetiniň edebi işgäri Gurbanjemal Annakowa bilen aýdym-sazly, söhbetli döredijilik duşuşygy geçirildi.
Ilki bilen zenan şahyra döredijilik ýoly barada gürrüň bermegi üçin söz berildi. Ol sözüniň başynda döredijilik duşuşygyny gurnaýjylara öz hoşallygyny bildirdi. Soňra şahyr saz sungatynyň we edebiýatyň aýrylmaz baglydygyny, sungat adamlarynyň ruhy dünýäleriniň ýakynlygyny belledi. Eger aýdymçy-sazanda içki dünýäsini, tebigaty, watanyny sazlary, aýdymlary bilen wasp edýän bolsa, şahyrlar özleriniň goşgulary, şygyrlary, bilen wasp edýändigi, söz sungatynda tanymal şahyr Gurbannazar Ezizowyň bolşy ýaly, saz sungatynda hem Nury Halmämmedow bolmagy, olaryň bir-biri bilen ýakyn dostlukly gatnaşykda bolup, birnäçe ajaýyp eserleri döredendiklerini çykyşynda belledi. Özüniň ömri we döredijiligi barada söz açýan “Terjimehal” atly goşgusyny bu ýere ýygnananlara okap berdi.
Gurbanjemal şahyr Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Gäwers obasynda daýhan maşgalasynda dogulypdyr. Onuň çagalygy Gäwers obasynda geçip, orta mekdebi tamamlap, Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň “Türkmen dili we edebiýat” fakultetinde okapdyr. Okuwy üstünlikli tamamlap, orta mekdepde işläp başlaýar. Döredijilik bilen meşgullanany sebäpli gazete işe çagyrylyp, häzirki wagta çenli şol ýerde zähmet çekip gelýär. Hünäri boýunça dilçi, edebiýatçy we edebiýat mugallymy.
Döredijilik duşuşygynda “Saz mugallymçylygy” hünäriniň 5-nji ýyl talyby Serdar Orusowyň ýerine ýetirmeginde Çary Nurymowyň sazyna Anna Kowusowyň sözlerine “Gözleriň seniň” aýdymy, “Saz mugallymçylygy” hünäriniň 1-nji ýyl talyby Ýazmyrat Bäşimowyň hem-de 2-nji ýyl talyby Selbinýaz Ataýewanyň ýerine ýetirmeginde “Duşurmazmy?” atly ajaýyp aýdymy ýokary derejede ýaňlandy.
Soňra Gurbanjemal Annakowanyň döreden “Eje” “Unutmak üçin söýmedim”, “Gel eje” ýaly goşgylary talyp ýaşlar tarapyndan çeper okaýyşda ýerine ýetirilmegi diňleýjilere ruhy lezzet paýlady.
Duşuşygyň barşynda şygryýet dünýäsi, goşgy düzmek bilen gyzyklanýan ýaşlar “Aýdym sungaty” hünäriniň 2-nji ýyl talyby Mähri Tekäýewa, “Saz mugallymçylygy” hünäriniň 1-nji ýyl talyby Ýusup Meredow öz döreden goşgularyny Gurbanjemal Annakowa okap bermegi şahyr zenanda aýratyn täsir galyjy pursaty döretdi. Zenan şahyr ýaş şahyrlara şygyr düzenlerinde haýsy ýagdaýlara üns bermelidiklerini aýdyp olara bu ugurda üstünlikleri arzuw etdi.
Döredijilik duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar döredip berilýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlyklaryny aýtdylar.
Ogulgeldi HEZRETGULYÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Sazşynaslyk” hünäriniň
IV ýyl talyby.
