Atageldi Garýagdyýew bilen döredijilik agşamy
2025-nji ýylyň 1-nji aprelinde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň hem-de Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky kamera orkestri bilen bilelikde döredijilik agşamy geçirildi. Uzak garaşylan bu dabara konserwatoriýanyň mugallymlary we talyplary hem-de daşyndan myhmanlar Türkmenistanyň Halk suratkeşi Saragt Babaýew başga-da Atageldi Garýagdyýewiň agzybir maşgalasy, dostlary gelip tomaşa etdiler.
Atageldi Garýagdyýew konsertiň dowamynda türkmen kompozitorlarynyň we daşary ýurt kompozitorlarynyň aýdymlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Dabaraly konsert Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky kamera orkestriniň ýerine ýetirmeginde Nury Halmämmedowyň “Kerwen” sazy bilen açyldy. Konsert meýilnamasyna laýyklykda 18 eser yzygiderlikde ýaňlandy. Olardan Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň ýerine ýetirmeginde Çary Nurymowyň “Näzlim uz maňa”, A. Babajanýanyň “Благодарю тебя”, Ernesto de Kurtisyň “Вернис в Соренто”, Suhan Tüýliýewiň sazyna, Magtymguly Pyragynyň sözlerine “Ýeldim tut”, Nury Halmämmedowyň sazyna, Gurbannazar Ezizowyň sözlerine “Maňa seniň gözleriňden gitme ýok”, Daňatar Hydyrowyň “Ýaýla hüwdisi”, “Gyzlaryma”, “Gyz daragynyň gürpüldisi”, “Şadyýan gün”, Baýram Hudaýnazarowyň “Älemgoşar”, Azerbeýjan aýdymy “Sensiz”, Georgiý Swiridowyň “Maritana” aýdymlary, kamera orkestriniň ýekelikdäki ýerine ýetirmeginde A. Babajanýanyň “Noktýurn”, Türk sazy “Üsküdara” ýaly eserler tomaşaçylara ruhy lezzet berdi.
Şowhunly konsertiň ahyrynda tomaşaçylar güler ýüz bilen Atageldi Garýagdyýewe, Tahyr Ataýewe gül sowgatlaryny gowşuryp, özleriniň minnetdarlygyny bildirip ýadygärlik surata düşdiler.
Ogulnur SULTANOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmenmilli konserwatoriýasynyň
“Sazşynaslyk”hünäriniň 3-nji ýyl talyby.
