“Hünär bizi saýlaýarmy ýa-da biz hünäri?”
Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesilleriň giň dünýä garaýyşly hemme taraplaýyn kämil ynsanlary terbiýeläp ýetişdirmek, ýaşlaryň öz saýlan hünärlerinden ýokary derejede baş çykaryp bilýän hünärmenler bolmagy baradaky yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Şeýle işlerden ugur alyp ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, jemgyýetçilik işgäri, pedagog Merdan Ataýew bilen duşuşyk geçirildi.
Bu duşuşyga konserwatoriýanyň talyp ýaşlarynyň we mugallymlaryň birnäçesi gatnaşdylar. Duşuşyk “Hünär bizi saýlaýarmy ýa-da biz hünäri?” ady bilen geçirilip, ýaşlaryň saýlan hünärlerine isleglerini has-da artdyrmak, geljekde bu ugurdan durmuş ýoluny ökde hünärmen bolup dowam etdirmek maksady bilen myhman öz tejribesini paýlaşmak arkaly dowam etdi. Merdan Ataýew öz çykyşyny durmuş we zähmet tejribesini talyp ýaşlar bilen sorag-jogap alyşmak arkaly paýlaşdy.
Durmuşada maksadyňa ýetmek üçin ýaşlygyňdan saýlap alan hünäriňe degişli ökde halypalar bilen iş salyşmagyň, oňa degişli kitaplary okamagyň zerurdygy, işde kämilleşmek üçin edýän işiňden lezzet almagy, netijesiniň uzak wagtdan soňdygyna garamazdan kämilleşmegi durmuşy wakalaryň, akyldarlaryň aýdan sözleriniň birnäçesini mysal getirmek arkaly ýaşlara gürrüň berdi. Şeýle-de myhman haýsy bir işde işläniňde ilki bilen adama ukyp-başarnygyň, alçaklygyň, dilewarlygyň hem peýdaly netije berýändigini belledi. Adam özünde bu häsiýetleri ir wagtdan terbiýeläp başlamaly diýip ýaşlara maslahat berdi.
Çykyşynyň dowamynda Merdan mugallym innowasiýa tehnologiýalaryň ösen zamanasynda häzirki wagtda haýsy hem bolsa bir hünäri saýlamak bilen çäklenmän, ýany bilen daşary ýurt dillerini öwrenmegiň, sanly-innowasiýa tehnologiýalaryndan baş çykaryp bilmegiň hem zerurdygyny belläp geçdi.
Pedagog Merdan Ataýew duşuşygyň ahyrynda ýaşlara okaýan hünärlerinde uly üstünliklere ýetmeklerini arzuw etdi. Şeýle duşuşyklaryň yzygiderli gurnalmagy, ýaşlaryň okamaga, öwrenmäge döwlet derejesinde döredilip berilýän ähli mümkinçilikler üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna çäksiz minnetdarlygyny aýtdy.
Baýramgeldi GARAÝEW,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Sazşynaslyk” hünäriniň III ýyl talyby.
