“Saz älemi” bilen tanyşlyk
Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Saz älemi” atly mugallymlar gazeti bilen talyp ýaşlary tanyşdyrmak çäresi geçirildi. “Saz älemi” atly konserwatoriýanyň içerki gazeti iki aýdan 1 sany çap edilip, 2021-nji ýylyň 1-nji martyndan bäri talyp ýaşlara gyzykly maglumatlary toplamaga ýardam berýär. Onda konserwatoriýanyň mugallymlary, sazçylyk mekdeplerinde işleýän mugallymlaryň makalalary hem çykarylyp onda diňe bir aýdym-saz sungaty, saz gurallaryň taryhy däl-de eýsem dürli görnüşdäki temalara degişli makalalar täzelikler ýerleşdirilýär.
Geçirilen çäräde gazetde ýazylan makalalar boýunça özüniň pikirlerini, belliklerini şeýle hem gymmatly maslahatlaryny paýlaşmak üçin Türkmenistanyň ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri, dil we edebiýat ylymlarynyň kandidaty Täzegül Hapyzowa hem myhmançylykda boldy.
“Saz älemi” atly gazetiň täze çykan sanynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Halow Muhammetgulyýew hem “Akkordeon saz guralynyň döreýiş taryhy” atly, “Milli saz gurallary bejermek we kämilleşdirmek” laboratoriýasynyň uly ylmy işgäri Amannepes Amannepesowyň “Asyrlardan arşa galan senet” makalalary çap edildi. Bu makalalar barada awtorlaryň özleri çykyş edip, ýaşlara şeýle makalalary ýazmak üçin gerek bolan peýdaly maslahatlaryny berdiler.
Çärede mundan başga-da “Kompozisiýa we gurallama” kafedrasynyň müdiri, kompozitor Kerimguly Garowow, “Halk saz gurallary” kafedrasynyň uly mugallymy Tatýana Ýuzeýewa çykyş edip talyp ýaşlar üçin sungat barada çeper eserleri, makalalary ýazmagyň peýdasy hakynda gürrüñ berdiler.
Geçirilen çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.
Gülkamar Döwletowa,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň "Sazşynaslyk"
hünäriniň III ýyl talyby.
