Sebitara ykdyady hyzmatdaşlygyň durmuş taýdan täsiri we jemgyýete täsiri atly Brifing


     
    Şu gün Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Sebitara ykdyady hyzmatdaşlygyň durmuş taýdan täsiri we jemgyýete täsiri” atly Brifing geçirildi. Bu çäre 2025-nji ýylyň 19-njy martyndan paýtagtymyzda geçirilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahatynda Türkmen Halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň eden çykyşynda beýan edilen esasy ugurlary, Arkadagymyzyň çykyşynyň mazmunyny has çuňňur öwrenmek we ýaşlarymyza düşündirmek maksady bilen geçirildi.
       Brifing talyp ýaşlaryň geçirilen şol forumda beýan edilen esasy ugurlar barada özlerini gyzyklandyrýan soraglary ussat mugallymlar bilen sorag-jogap alyşmak arkaly dowam etdi.
     “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň uly mugallymlary G.Otuzowa, A.Hojamämmedowa, “Türkmen sazy” kafedrasynyň uly mugallymy A.Ýagşyýewa öz çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň şol forumda eden manyly çykyşy barada talyp ýaşlara düşündirip bu çäräniň has-da täsirliligini artdyrdylar.
      Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar talyp ýaşlaryň ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetimekleri üçin döwlet derejesinde döredilip berilýän mümkinçilikleri üçin Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlyklaryny bildirdiler.



Şöhrat MEREDOW,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Türkmen sazynyň taryhy we nazaryýeti boýunça
sazşynaslyk” hünäriniň I ýyl talyby.




66fe3e4b0e9fd916.png (787×65)




Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm