"Açyk gapylar" güni



     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ýörite we çagalar sazçylyk, sungat mekdeplerini 2024-2025-nji okuw ýylynda tamamlaýan uçurymlary Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy 2025-2026-njy okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary 2025-nji ýylyň 25-nji aprelinde sagat 09:00 da geçiriljek “Açyk gapylar” günine çagyrýar. Ýaşlar okuwa girmek üçin talap edilýän resminamalar, ýokary okuw mekdebinde taýýarlanylýan hünärler, alynyp barylýan okuw terbiýeçilik hem-de medeni köpçülikleýin işleri barada giňişleýin maglumatlar, şeýle hem “Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň muzeýi” bilen tanşyp bilerler.


Biziň salgymyz: Aşgabat şäheri, 1984-nji köçesiniň 22-nji jaýy. 
Habarlaşmak üçin telefonlar: 92-28-85, 92-36-11.


HOŞ GELDIŇIZ !

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm