Konserwatoriýanyň talyplary sungaty öwrenmek maksady bilen Döwlet kitaphanasynda myhmançylykda boldular


      Medeniýet ulgamynda işleýän okaýan her bir türkmen raýaty  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  : “Watanymyzyň döredijilik  kuwwatyny  artdyrmakda  medeniýet ulgamyna  aýratyn orun degişlidir. Medeniýet we sungat  halkyň ruhy baýlygydyr” diýen parasatly jümlesinden ugur alyp   medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmekde saldamly goşantlaryny goşýarlar. 2025-nji ýylyň mart  aýynyň 17-ne   Maýa  Kulyýewa adyndaky Türkmen milli  konserwatoriýasynyň kitaphanasynyň  gurnamagynda  Türkmenistanyň Döwlet medeniýet  merkeziniň Döwlet kitaphanasyna  konserwatoriýanyň “Kompozisiýa, saz öwreniş we fortepiano”  fakultetiniň 1-nji  ýyl talyplarynyň  gatnaşmagynda  sungaty öwrenmek   maksady  bilen Türkmenistanyñ Döwlet medeniýet merkeziniñ  Döwlet kitaphanasynda myhmançylykda boldylar. Olar esasan sungat  bölüminiň işi  bilen  aýratyn  gyzyklanyp, sungat  bölüminiň   hazynasy  sungata degişli  kitaplardan, döwürleýin  neşirlerden, notalardan, audiowizual neşirleri gördiler. Şeýle hem  türkmen kompozitorlarynyň  we daşary  ýurt kompozitorlarynyň  nota eserleriniň baý hazynasyny gördiler. Bölümde sungatyň  ähli görnüşleri  boýunça  sowal-jogap neşirleri bar. Sungata  ýaňy gadam basan konserwatoriýanyň 1-nji ýyl talyplary özlerini  gyzyklandyrýan soraglary berip  bu ýerden gyzykly maglumatlary öwrendiler. Türkmen  sungatynyň we dünýä sungatynyň  gazanan üstünliklerini wagyz etmek  bilen,  bölüm tematiki  we senenamalaýyn kitap sergilerini guraýar. Bölümde “Sungat äleminde” atly tapgyr  boýunça  Türkmenistanyň belli-belli  sungat ussatlary  barada, suratkeşler , kompozitorlar, kinoaktýorlardyr-režissýorlar,  teatr artistleri, tele-radio  ýaýlymlarynyň  halypa diktorlary  barada kitaphananyň  kitapdyr-gazet  žurnal hazynasyndaky  bar bolan ähli maglumatlary  alyp bilmekligine  uly  ýardam berýär. Bu gollanmalar we gurnalar  sergiler  talyplarda  uly  täsir  galdyrdy. Talyplar   Sungat bölüminde türkmen we daşary ýurt kompozitorlaryň  birnäçesiniň özlerini gyzyklandyrýan, öwrenmek isleýän  sazlaryny diňlediler we ol ýazgylaryñ göçürmesini göçürip almaga mümkinçilikleriň bardygyny öwrendiler. 
       Ýaş  nesillere okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip  berýän Türkmen halkynyň  Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak , tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin. 

Nuryýewa Maral,
                                                        Maýa  Kulyýewa  adyndaky Türkmen Milli 
                                                               konserwatoriýasynyň kitaphana müdiri.



66fe3e4b0e9fd916.png (787×65)



 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm