KAMERA ESERLERI BELENTDEN ÝAŇLANDY
2025-nji ýylyň 17-nji martynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kamera orkestriniň konserti geçirildi. Birnäçe ýyllaryň dowamynda kamera orkestri konserwatoriýanyň uly mugallymy Nury Muhyýewiň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň dürli ýerlerinde özleriniň ýokary derejeli çykyşlaryny görkezýärler. Ussat mugallym ýaşlar bilen türkmen we daşary ýurt kompozitorlaryndan miras galan nusgawy eserlerini täzeçe görnüşde işlemek bilen diňleýjileriniň göwnünden turmagy başarýar. Geçirilen bu konsertiň dowamynda Nury Muhyýew bilen “Kirişli saz gurallary” hünäriniň talyby Kowus Bäşimow orkestr toparyna dirižýorlyk etdi.
Konsert meýilnamasynda ýer alan eserleriň arasynda türkmen kompozitorlaryndan Baýramdurdy Hudaýnazarowyň we Çary Nurymowyň, daşary ýurt kompozitorlaryndan Ý.Naprawnigiň, P.I.Çaýkowskiniň eserleri diňleýjiler üçin has-da täsirli boldy. Bu eserler özüniň akgynlygy, labyzlylygy, süýjüligi we orkestriň ussatlyk bilen ýerine ýetirmegi netijesinde diňleýjileriň söýgüsine mynasyp boldy.
Orkestriň sazandarlyk etmeginde fleýta saz guralynda TMK-nyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy Nepes Jumageldiýew, goboý saz guralynda konserwatoriýanyň talyby Kuwwat Orazow, skripka saz guralynda “Halkara bäsleşikleriň laureaty” “Kirişli saz gurallary” kafedrasynyň mugallymy Aýbölek Muhyýewa, trombon saz guralynda bolsa “Halkara bäsleşikleriň laureaty” konserwatoriýanyň talyby Döwran Gylyjow solo görnüşinde çykyş etmek bilen özleriniň ussatlyklaryny görkezmegi başardylar.
Her ýylyň bahar aýlarynda eýýäm däbe öwrülen kamera orkestriniň konsertine saz söýüjileriň birnäçesi gatnaşyp ruhy lezzet alýarlar. Bu günki çykyş hem paýtagtymyzyň birnäçe saz muşdaklaryny jemledi.
Konserte gatnaşyjylar nusgawy saz eserlerini öwrenmäge giň köpçülige ýaýmaga, talyp ýaşlaryň ýokary derejede bilim almagyna, şeýle ajaýyp konsertleriň yzygiderli geçirilmegine uly mümkinçilik döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna minnetdarlyk we hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Ýusup ÝAZGYLYJOW,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
Saz mugallymçylygy hünäriniň III ýyl talyby.
