Ussat halypanyň doglan güniniň 120 ýyllygy


      Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda medeniýet ulgamyna hem uly ähmiýet berilýär. Aýdym-saz sungaty ugrundan ýokary bilim berýän Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda aýdym-saz sungatynda uly işleri bitiren şahsyýetleri hatyralamak, olaryň döredijiligini öwrenmek, döredijilik agşamlaryny geçirmek eýýäm asylly däbe öwrüldi. Şeýle döredijilikli ýatlama agşamlarynyň biri ýakynda Türkmenistanyň  halk bagşysy Sahy Jepbarowyň doglan güniniň 120 ýyllygy mynasybetli geçirildi.
     Ýatlama agşamynda konserwatoriýanyň “Saz etnografiki” laboratoriýasynyň uly ylmy işgäri Atageldi Mämmetgulyýew, Türkmenistanyň halk artisti, professor Ýolaman Nurymow we Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep internatyň mugallymy, Türkmenistanyň halk artisti  Amanöwez Saparow ussat bagşy barada gyzykly gürrüňleri, ýatlamaly wakalary aýdyp konserte gelen tomaşaçylarda ýatda galyjy pursatlary döretdiler. Gyzykly söhbetleriň dowamy “Bagşyçylyk sungaty” kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň halk bagşysy Rejepdurdy Begenjowyň, ýerine ýetirmeginde Kerim Gurbannepesowyň sözlerine “Altyň biri”  diýen aýdym bilen sepleşip gitdi.
     Ýatlama agşamynda Türkmenistanyň halk artistleri Baýrammyrat Söýinow hem-de Kyýas Durdyýew Ahal bagşyçylyk ýolunyň ussat halypasy barada gyzykly gürrüňleri, bagşynyň aýdym aýtmakda ýerine ýetirijilik aýratynlygy dogrusynda täsirli gürrüňleri berdiler. Soňra halypa bagşynyň ýokary derejede aýdan aýdymlaryndan birnäçesini bu ýere ýygnan myhmanlar üçin ýerine ýetirip gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldylar. Türkmenistanyň halk artisti Şemşat Hojaýewanyň “Mugallyma gyz”, Arkadag şäheriniň Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Täçmyrat Kowusowyň “Şat bolar boldy”, “Bagşyçylyk sungaty” kafedrasynyň mugallymy Meýlis Goçmyradowyň “Ýaýlaklary bar”, şol kafedrasynyň uly mugallymy Magtymguly Magtymgulyýewiň “Pagtaçy gözel” ýaly aýdymlary hem dabaranyň dowamyny düzdi.
     Ýatlama konsertiniň ahyrynda oňa gatnaşanlar halypalary hatyralamaga döredip berilýän mümkinçilikler üçin Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz minnetdarlygyny bildirdiler. 

Hudaýguly HANOW,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Sazşynaslyk” hünäriniň II ýyl talyby.



66fe3e4b0e9fd916.png (787×65)




Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm