USSATLYK SAPAGY GEÇIRILDI


      Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen hoşniýetli gatnaşyklary has-da rowaçlanýar. Bu ugurda sungat, medeniýet, ylym bilim babatdaky halkara gatnaşyklaryna hem uly orun berilýär. 
    Ýaňy ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň at gazanan artisti Albert Jalilow Türkmenistana saparynyň çäklerinde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda myhmançylykda bolup, talyp ýaşlar bilen ussatlyk sapagyny geçdi. Aýdym-saz sungatynda ýerine ýetirijilik ugrundan konserwatoriýamyzyň talyp ýaşlaryna täze düşünjeleri bermegi we iş tejribesini paýlaşmagy örän täsirli we ýatda galyjy pursatlary döretdi. 
Ussatlyk sapagynyň dowamynda talyp ýaşlar meşhur aýdymça dürli sowallar bilen ýüzlendiler. Ýaş sungat wekilleriniň gyzyklanmalaryny kanagatlandyrmak bilen, myhman talyplaryň çykyşlaryna we hünär taýýarlygyna oňat baha berdi. 
   Ýurdumyzda medeni diplomatiýanyň ösüşinde, halkara tejribesiniň öwrenilmeginde, özara gatnaşyklaryň netijeliliginiň artmagynda ähmiýetli bolan şeýle duşuşyklar, maslahatlar we sapaklar sungaty öwreniş ylymlarynda we hünäri kämilleşdirmekde köp ugurly ähmiýete eýedir. 
     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmäge, medeni gatnaşyklaryň kämilleşdirilmegine we döwrebap ösdürilmegine uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys!


Röwşen ATAÝEW,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Sazyň taryhy” kafedrasynyň mugallymy.




66fe3e4b0e9fd916.png (787×65)





Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm