Talyp gözeli 2025
Ýakynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, bilelikde “Halkara zenanlar güni” mynasybetli Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň talyp gyzlarynyň iş başarjaňlygyny, ruhubelentligini, buýsançlylygyny, keşp hem-de edep gözelligini, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny bilişini, durmuşa taýýarlygyny, medeniýetini, edep-ekramlylygyny açyp görkezmek maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda yglan edilen «Talyp gözeli-2025» atly gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlary gatnaşdylar.
Bäsleşigiň bu jemleýji tapgyryna Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyndan “Bagşy” hünäriniň 1-nji ýyl talyby Sahydursyn Mätiýewa hem gatnaşyp özüniň ukyp başarnygyny, edep ekramyny bäsleşige taýýarlan çykyşyny ýokary derejede görkezip baýrakly III orna mynasyp boldy. Sahydursyn Mätiýewa konserwatoriýada geçirilen bäsleşigiň deslapky tapgyrynda bäsdeşlerinden öňe saýlanmagy başaryp jemleýji tapgyra gatnaşmaklyga hukuk gazanypdy.
Bäsleşigiň düzgünine laýyklykda talyp gyzlar üç şert boýunça bäsleşdiler. Birinji şerte görä talyp gözeller ilki özlerini tanyşdyryp, soñra owadan ýurdumyzy, ajaýyp döwrümizi aýdym-sazlardyr şahyrana döredijilik bilen wasp etdiler. Ikinji şerti Gahryman Arkadagymyzyň "Bereketli türkmen saçagy" kitabyndan türkmen milli tagamymyz bolan unaş kesmekde biri-birinden tapawutly ukyp-başarnygyny görkezdiler. Ene-mamalarymyzdan miras galan el işleri boýunça gyzlar üçünji şertde gaýmadyr-ilme, gülli joraplar, tahýa salnan nepis nagyşlary, şeýle-de iññedir sapak bilen jaýdar iş salşyp bilýän, gyz gözelligine gözellik goşýan çeper işleri ýerine ýetirmek boýunça bäsleşdiler.
Ýeňiji bolan “Bagşy” hünäriniň talyby Sahydursyn Mätiýewa şeýle bäsleşiklerde talyp gyzlaryň başarjaňlygyny görkezmäge, ýokary derejelerde taýýarlanmaga döredilýän mümkinçilikler üçin Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny arzuw etdi.
Dinara DAWLETOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasnyň
“Sazşynaslyk” hünäriniň I ýyl talyby.
