Ussat halypany hatyralap ...
2025-nji ýylyň 5-nji martynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda, ussat sazanda, Türkmenistanyň halk artisti Pürli Saryýewiň döredijiligine bagyşlanyp ýatlama konserti geçirildi.
Ýatlama konsertiň başynda «Türkmen sazy» kafedrasynyň uly mugallymy Türkmenistanyň halk artisti halypa Akmyrat Çaryýew ussat Pürli aga barada birnäçe gyzykly ýatlamalar bilen çykyş edip meşhur gyjakçy Oraz Saryýewiň Pürli Saryýewe bagyşlap döreden «Ýatlama» diýen ajaýyp sazyny hem ýerine ýetirip berdi.
Soňra, konserwatoriýanyň ylmy-döredijilik işleri boýunça prorektory Ýazmyrat Rejepow şahyr Kerim Gurbannepesowyň Pürli agany ýatlap düzen şygryny, soňra «Saz äleminiň pälwany» atly makala bilen birnäçe gyzykly maglumatlary bermek arkaly çykyş etdi.
Ýatlama meýilnamasy «Bagşyçylyk sungaty» kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň halk bagşysy Şemşat Hojaýewanyň «Lälezar bolar» aýdymy, “Türkmen sazy” kafedrasynyň mugallymy İşanmuhammet Gündogdyýewiň ýolbaşçylyk etmeginde kafedrasynyň mugallymlaryndan we talyplaryndan düzülen toparynyň «Säherde», «Türkmen sazy» kafedrasynyň müdiri Gunça Muhammetberdiýewa «Nergiz», Türkmen milli konserwatoriýanyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň talyby Merjen Amandurdyýewa «Bu gün» atly aýdymy, «Bagşyçylyk sungaty» kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Kerwen Ýowbasarow «Kerem geldi» ýaly aýdymlar Gurbanmyrat Baýjykow, Spartak Atakow, Şäher Täçýew ýaly gyjakçylaryň we halypa mugallym Osman Güjimowyň dutarda sazandarlyk etmeginde dowam etdi.
Şeýle hem çykyşlaryň arasynda «Türkmen sazy» hünäriniň III ýyl talyby, «Çalsana bagşy» bäsleşiginiň ýeňijisi Kerim Nyýazow «Jerenim», Aýnäzli Rahmanowa «Ýar gara gözli», «Halk sazy» fakultetiniň dekany, Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmenistanyň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi Aganazar Öwezgeldiýew «Ybraýym şadilli», mugallymlar İşanmuhammet Gündogdyýew we Dursun Täçnepesowa gazak halk sazy «Sary – arka», mugallym Sapamyrat Annamyradowyň «Bibi», «Türkmenhowaýollary» döwlet agentliginiň «Laçyn» aýdym saz we folklor toparynyň ansamblynyň solisti, «Çalsana bagşy» bäsleşiginiň ýeňijisi Serdar Bäşimowyň ýerine ýetirmeginde «Meşrep» sazlary diňleýjiler köpçüligi üçin has-da täsirli boldy.
Konsertiň ahyrynda ussat sazanda Pürli Saryýewiň ogly Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň uly mugallymy dosent Şamuhammet Saryýew hem kakasy barada öz ýatlamaly çykyşyny edip, ähli ýerine ýetirijilere hem sungat äleminde uly üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw etdi we ýatlama konsertine gelen myhmanlar we ýerine ýetirijiler bilen bilelikde ýadygärlik surata düşdiler.
Ýatlama konsertine gatnaşyjylar şeýle halypalary hatyralamana, ýaşlara halypalaryň döredijiligini öwretmäge mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaç almagyny arzuw etdiler.
Kuwwat ÝOWBASAROW,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
«Sazşynaslyk» hünäriniň V ýyl talyby
