Ýaş kompozitorlaryň eserlerinden düzülen konsert
2025-nji ýylyň 5-nji martynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda ÝUNESKO tarapyndan 2005-nji ýylda kabul edilen “Medeni taýdan özüni görkezmegiň dürlüligini goramak we höweslendirmek” hakyndaky Konwensiýasynyň 20 ýyllygy mynasybetli “Magtymguly Pyragynyň döredijiligi we onuň keşbi dünýäniň saz medeniýetinde" atly ýaş kompozitorlaryň arasynda geçirilen bäsleşige gatnaşyjylaryň konserti geçirildi. Geçirilen bäsleşikde konserwatoriýanyň talyp ýaşlarynyň hem işjeňlik görkezmekleri has-da bellärliklidir. Bu dabara Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň we Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň professor mugallymlary we talyp-ýaşlary, ýurdumyzyň dürli ýerlerinden myhmanlar gatnaşdylar.
Konsertiň meýilnamasyna türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen aýdym-saz eserleri girizilipdir. Olaryň arasynda Tylla Şirowanyň “Hasar dagy”, Saparmyrat Baýlyýewiň “Bu gün”, Nurmuhammet Jomartowyň “Aýa döndi” ýaly aýdym-sazlary diňleýjiler üçin has-da täsirli boldy.
Dabarada çykyş edenler, Türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alýan aýdym-saz sungaty Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze many-mazmuna eýe bolýandygy, häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda dünýä medeniýetinde mynasyp orun eýeleýän milli aýdym-saz sungatyny düýpli öwrenmek, bu ugurda ýaş kompozitorlary täze-täze eserleri döretmäge ruhlandyrmak we bu sungatyň iň ajaýyp nusgalaryny dünýä derejesinde ýaýmak boýunça giň möçberli işler amala aşyrylýandygyny uly buýsanç bilen bellediler.
«Magtymguly Pyragynyň döredijiligi we keşbi dünýä saz medeniýetinde» atly bäsleşiginde ýeňiji bolanlara we oňa işjeň gatnaşanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan diplomlar, hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Dabara gatnaşyjylar şeýle ajaýyp konsertleriň, saz festiwallaryň, bäsleşikleriň yzygiderli geçirilip durmagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Orazjahan MÄMMETDURDYÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
«Sazşynaslyk» hünäriniň III ýyl talyby
