ZENANLARYŇ SARPALY ZAMANASYNDA


      Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaralar giň gerimde ýaýbaňlanýar. Bu dabaraly çäreleriň hatarynda hormatly Prezidentimiziň zenanlara pul sowgatlarynyň gowşurylyşy hem uly ruhubelentlige beslenýär. 
     Biziň Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýamyzda hem şu mynasybetli geçirilen dabara ýatdagalyjy we örän täsirli boldy. Çünki her ýylda mähriban zenanlaryň baýramçylyk şatlygyna şatlyk goşan bu pursatlar  köňüllerde gaýtalanmajak ýakymly duýgulary döredýär. Ýurdumyzda körpeje gyzlardan başlap, kümüş saçly enelerimize çenli baýramçylyk sowgatlary bilen serpaýlanmagy mähriban zenanlarymyzyň döwlet tarapyndan hemişe goldanylýandygyny alamatlandyrýar. 
       Köňülleri sungata söýgüden doly, gollary senetli, dilleri senaly konserwatoriýamyzyň talyp gyzlarynyň, zenan mugallymlarynyň we işgärleriniň ählisi Arakadagly Gahryman Serdarymyzyň sowgatlaryny uly buýsanç bilen kabul etdiler. Döredijilik äleminiň wekilleri bolan zenanlaryň duýgulary bu ýerde örän joşgunly boldy. Olar saz eserleri, sungat eserleri bilen ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. 
       Ýaz paslynyň ilkinji günlerinde şeýle şatlykly wakanyň mynasyp guramaçylykda geçirilmegi Halkara zenanlar günine bagyşlanan çäreleriň mazmunyny has-da baýlaşdyrdy. 
    Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ýatdagalyjy pursatlarynda zenanlar üçin döredilýän mümkinçilikler üçin sungat ojagynyň talyp ýaşlarydyr, mugallymlary Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna egsilmez alkyşlaryny beýan etdiler.


Ogulgözel NIMETOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Sazşynaslyk” hünäriniñ II ýyl talyby



66fe3e4b0e9fd916.png (787×65)



Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm