Bagtyýar çagalaryň aýdym – sazly joşguny


        2025-nji ýylyň 4-nji martynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda halkara zenanlar gününe bagyşlanyp Aşgabat şäheriniň Medeniýet müdirliginiň 1-nji çagalar sungat mekdebiniň “Älemgoşar” kiçi hor toparynyň, “Altyn serpaý” skripkaçylar toparynyň baýramçylyk konserti geçirildi. Baýramçylyk konsertine çykyş edýän ýaş çagajyklaryň ene-atalary, mugallymlary, konserwatoriýanyň talyplary tomaşa etdiler. Bu konsert ussat mugallymlar Ýekaterina Tişşenkonyň hem-de Anželika Ýalkapowanyň çeper ýolbaşçylygynda işjeň geçirildi.
Konsertiň başynda Weronika Annadurdyýewanyň sazandarlyk etmeginde, “Älemgoşar” kiçi hor topary çykyş etmeginde “Enelere gutlag” aýdymy ýaňlandy. Dabaranyň dowamynda konsert meýilnamasy esasynda “Ýagşylygyň ýoly bilen”, Grigorýan Wladimiriň ýerine ýetirmeginde A. Haçaturýan “Wals”, kiçi hor toparynyň ýerine ýetirmeginde “Ol garakçy”, “Hallo Django”, gany halk aýdymlarynyň heňinde “Obwisana”, “Altyn serpaý” skripkaçylar toparynyň ýerine ýetirmeginde “Bahar mukamy”, “Saz”, “Ýaşa Türkmenistan”, “Onda bar”, Ken Berg “Tango” ýaly eserler ýaňlandy. Konsertiň ahyrynda “Altyn serpaý” skripkaçylar toparynyň hem-de “Älemgoşar” kiçi hor toparynyň bilelikde ýerine ýetirmeginde Ýu. Çiçkowyň sazyna, M. Plýatskowskiýniň sözlerine “Bagtly çagalyk” aýdymy dabaraly ýagdaýda ýaňlanyp konserti tamamladylar. Konsertiň ahyrynda tomaşaçylar ýaşajyk sazandalara bu günki çykyşlary üçin öz minnetdarlyklaryny bildirip, gyzgyn el çarpyşmalar bilen bagtly ýaş nesilleri goldadylar. 
      Dogrudan hem, Ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, olaryň zähmete bolan söýgüsini artdyrmak, döwrümize buýsanjyny, ýagty geljege ynamyny pugtalandyrmak täze taryhy eýýamda mynasyp derejede dowam etdirilýän ýörelgeler hökmünde ýaş nesiller hakyndaky aladanyň netijesi bolup durýar. Döredilýän şeýle mümkinçilikler ýaşlary diýseň höweslendirýär we buýsandyrýar. 

Ogulnur SULTANOWA,
                                   Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli 
konserwatoriýasynyň “ Sazşynaslyk” hünäriniň 
III  ýyl talyby.




66fe3e4b0e9fd916.png (787×65)





Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm