TALYP GÖZELLER ÖZARA BÄSLEŞDILER!
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde toýdur baýramlar giňden ýaýbaňlandyrylýar. Bu gün hem Halkara zenanlar güni mynasybetli talyp gyzlaryň iş başarjaňlygyny, ugurtapyjylygyny, ruhubelentligini, buýsançlylygyny, keşp hem-de edep gözelligini, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny bilişini, durmuşa taýýarlygyny, medeniýetini, edep-ekramlylygyny açyp görkezmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda talyp gyzlarynyň arasynda “Talyp gözeli – 2025” atly gözellik bäsleşigi geçirildi.
Bu bäsleşige fakultetlerden saýlanan talyp gyzlar gatnaşdylar. Bäsleşige gatnaşýan talyp gyzlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň 2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylyny dabaralandyrmak, ýurdumyzda türkmen gelin-gyzlaryna goýulýan sarpany, şeýle hem özleriniň sungata, döredijilige bolan ukybyny aýdym, goşgy, sahna çykyşlaryny ýerine ýetirmek arkaly öz ussatlygyny açyp görkezdiler. Talyp gözeller Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz ýürek buýsançlaryny özleriň joşgunly adym-sazlarynda beýan etdiler. Bäsleşige gatnaşan talyp gyzlaryň içinde “Halk sazy” fakultetiniň “Bagşyçylyk sungaty” hünäriniň I ýyl talyby Sahydursun Mätiýewa döwlet derejesinde geçiriljek tapgyra gatnaşmaga mynasyp boldy. Çykyş eden talyp gözellerine, emin agzalary tarapyndan adalatly baha berilip, ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Talyp ýaşlara şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, umumyadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Şagül KÖÇEKOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Türkmen sazy” hünäriniň IV ýyl talyby.
