Ylmy-usuly maslahat


       Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýamyzyň “Sazyň nazaryýeti” kafedrasy ýurdumyzyň ýörite sazçylyk, sungat mekdepleriniň mugallymlary bilen “Orta hünär saz bilimi ulgamyndaky saz-nazaryýet derslerini okatmak boýunça wajyp meseleler” atly onlaýn ylmy-usuly maslahatyny geçirdi. Bu maslahatda “Ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda bilim boýunça özara hyzmatdaşlygy üpjün etmek hakynda” Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň      2022-nji ýylyň 7-nji martyndaky 77 belgili buýrugyny ýerine ýetirmek maksady bilen 2024-2025-nji okuw ýylynda ýurdumyzyň ýörite sazçylyk, sungat mekdepleriniň okuw-usuly işlerine ýardam bermek we bilelikde ýerine ýetirilmeli işleriň iş meýilnamasynyň işlerine seredildi.
     Bu maslahata Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet Ýörite sazçylyk mekdebiniň, Mary welaýatynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň, Arkadag şäheriniň Sahy Jepbarow adyndaky Ýörite sazçylyk mekdebiniň, Lebap welaýat Ýörite sazçylyk mekdebiniň, Daşoguz welaýatynyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdepleriniň professor mugallymlary we ýaş hünärmenleri gatnaşdy. 
    Onlaýn maslahatynda saz-nazaryýet derslerinde okuw proseslerini gurnamak, sapaklaryň hilini ýokarlandyrmak, dersler boýunça okuw maksatnamalarynyň, okuw kitaplarynyň we gollanmalaryň ýerine ýetirilişi hakynda meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy. Ýaş hünärmenleriň köptaraplaýyn ösmegi üçin zerur bolan şertleriň döredilmegi hakynda aýdylyp geçildi.
     Biz ýaşlara okamaga, döretmäge şeýle uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, tutýan tutumly işleri mundan beýläkde rowaçlyklara beslensin.


Arzuw AŞIROWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
 konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň 
III  ýyl talyby.



66fe3e4b0e9fd916.png (787×65)



Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm