TÜRKMENISTAN – DOST DOGANLYGYŇ MEKANY


       Ýakynda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda  Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň Türkmenistanyň Aziya-Ýuwaş umman sebitinin ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy Ýaponiýanyň medeniýet we sungat işgärleriniň Türkmenistanyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde ýapon milli tans sazlarynyň tanyşdyrylyş okuw sapagy geçirildi. Duşuşykda Ýaponiýanyň öňdebaryjy milli medeni sungaty bolan Kabuki sungatynda ýapon milli guraly bolan şamiseniň (üç tarly guralda) ýerine ýetirijisi Kikuçi Ýutaka Ýaponiýada däl, ABŞ, Hytaý, Ispaniýa, Germaniýa we Rumyniýa ýaly daşary ýurtlarda-da çykyş etdi. Ýapon milli tansynyň ussady Chiho Ueda Ýaponiýanyň sungat we çeperçilik mekdepleriniň biri bolan Tokio sungat uniwersitetini tamamlap, aýdym-saz bölüminiň ýapon milli tansçysy derejesini alan soň, ýapon milli tansçysy we halk tanslaryny ýerine ýetirijisi hökmünde köp çykyş etdi.Ol bütin dünýäde milli ýapon tanslaryny ýerine ýetirýär.
        Okuw sapagynyň dowamynda myhmanlar ýapon milli medeniýeti barada giňişleýin gürrüň berdiler we birnäçe saz we tans tilsimlerini görkezdiler. Şol pursatda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Halk saz gurallary hünäriniň talyplary  Täçmuhammet Durdymyradow, Nöker Genjiýew we mugallymlary türkmen milli saz senedimizde myhmanlaryň öňünde  aýdym-sazlary bilen çykyş etdiler. Ussatlyk sapagynyň ahyrynda myhmanlar öz hoşallyklaryny bildirip   mugallymlara we talyp ýaşlara  sungat ýolunda uly üstünlikleri arzuw etdiler.
      Şeýle mümkinçiligi döredip beren  Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna alkyş we hoşallyk sözlerini aýtdylar. 

Ejegyz MUHAMMEDOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen 
milli konserwatoriýasynyň 
uly ylmy işgäri


66fe3e4b0e9fd916.png (787×65) 



Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm