Ýylyň şygary bilen ilkinji okuw sapagy geçirildi
Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda beýik işler durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni şanly wakalara beslenmegi türkmen halkynda uly buýsanç döredýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, mazmunynyň iň öňdebaryjy halkara talaplaryna laýyk bolmagyny gazanmak boýunça gymmatly tabşyryklaryny durmuşa geçirmek ähli bilim işgärleri üçin esasy wezipe bolup durýar.
Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda 2024 — 2025-nji okuw ýylynyň ikinji ýarymýyllygynyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýen ady bilen ilkinji okuw sapagy ýokary derejede geçirildi. Ilkinji okuw sapagynda Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitaplarynyň many-mazmunynyň nesil terbiýesindäki orny we ähmiýeti barada giňişleýin maglumatlaryň berilmegi talyp ýaşlar üçin has-da täsirli boldy.
Şeýle hem sapagyň dowamynda çykyş edenler Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň mekany hökmünde ykrar edilýändigini uly buýsanç bilen bellediler.
Täze ýylyň şygary bilen geçirilen ilkinji okuw sapagynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzy
ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz
Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz minnetdarlyklaryny aýtdylar.
Röwşen ATAÝEW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň “Sazyň taryhy” kafedrasynyň
mugallymy
