“Magtymguly – dünýäniň akyldary”


      Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň garşy alynmagy bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehininden joşup çykan we 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň jemlenmegi bilen baglylykda “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly täze kitabynyň çap edilmegi ýaşlara we ähli türkmen halkyna ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy. 
Ýaňy ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Dabarany “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň müdiri Gözel Aýnazarowanyň alyp barmagynda geçirildi. 
Ilki bilen, dabaranyň ähli çykyşlarynda, şeýle ajaýyp kitaby sowgat edendigi üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk we alkyş sözleri aýdyldy hem-de hormatly Prezidentimize, eserleriniň höwrüniň köp, galamynyň has-da ýiti bolmagy arzuw edildi.
      Dabaranyň çykyşyny “Jemgyýeti öwreniş ylymlarynyñ” kafedrasynyň uly mugallymy Hojamämmedowa Annanabadyň täze kitabyň çap ediljegi barada Hormatly Prezidentimiziň 27-nji dekabrda geçiren Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi barda gürrüň berdi.
   Şol kafedrasynyň uly mugallymy Gülşirin Otuzowanyň kitabyň ajaýyp mazmuny barada maglumat berdi. Ol bu kitabyň "Magtymgula düşünmegiň açary", "Magtymguly Pyragy mekdebi we türkmen magtymgulyşynaslary", "Pähim – paýhas ummany", "Parahatçylygyň şahyry", "Döwürleriň we siwilizasiýalaryň şahyry", "Halk ýadyndan aýrylma", "Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen bagly kabul edilen resminamalar, gutlaglar we çykyşlar" we "Hakyň hem hakykatyň yolunda" atly bölümleri barda giňişleýin gürrüň berdi.
         Dabaranyň jemleýji pursadynda bolsa “Sazşynaslyk” hünäriniň IV ýyl talyby Amanowa Humaýyň ýürek buýsançlary diňlenildi. 
 
Suraý Sähedowa, 
Maýa Kulyýewa adyndaky
 Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Sazşynaslyk” hünäriniň
IV ýyl talyby.


66fe3e4b0e9fd916.png (787×65)



Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm