“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”
Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” täze üstünlikleriň, belent sepgitleriň ýyly bolar atly seslenme duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary we mugallymlary gatnaşdylar.
Duşuşygy Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Jemgyýeti öwreniş ylymlar” kafedrasynyň uly mugallymy Annanabat Hojamämmedowa alyp bardy.
Bu duşuşykda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Jemgyýeti öwreniş ylymlar” kafedrasynyň mugallymlary Şeker Kuliýewa we Mahym Meredowa, Saz etnografiki laboratoriýasynyň kiçi ylmy işgäri Aýjemal Hojaýewa hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Saz mugallymy” hünäriniň 5-nji ýyl talyby Keýik Artykowa çykyş etdiler 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýilip yglan edilmegi häzirki wagtda “Merkezi Aziýa parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zology” atly Kararnamanyň kabul edilmegi, Türkmenistan döwletimiziň dünýäde parahatçylykly, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan syýasatymyzyň barha dabaralandyrylýandygy barada gürrüň berdiler.
Şeýle hem duşuşygyň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary Aýna Seýitgulyýew we Atajan Berdiýew şirin owazlary bilen aýdymlary ýerine ýetirip, diňleýjilere ruhy lezzet paýladylar. Ata Watanymyza mundan beýläk-de gülledip ösdürmek babatda döwlet ähmiýetli işleri durmuşa ornaşdyrýan, halkymyza gymmatly eserlerini peşgeş berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Altyn Ýangyýewa,
Maýa Kulyýewa adyndakyTürkmen milli
konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň
III ýyl talyby.
