“Brodweý” aýdym-saz maksatnamasynyň çäklerinde konsertler, ussatlyk sapaklary geçirilýär.


      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2025 – nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edilmegi ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwer başlangyçlarynyň aýdyň beýany bolup durýar. Bu şygardan ugur alyp eziz Diýarymyzyň daşary ýurt döwletleri bilen dost – doganlyk gatnaşyklary hem giň gerimde ösdürilýär. 
     Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan “Brodweý” aýdym-saz maksatnamasynyň çäklerinde konsertler geçirilýär. Amerikaly aýdymçylar Keýt Bass, Eron Ýang we Riçard Staýger paýtagtymyz Aşgabatda, Türkmenbaşyda, Balkanabat etraplarynda we Daşoguz welaýatynda konsert çykyşlaryny berýärler. 
     Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýamyzda hem amerikaly aýdymçylar bilen 2025 – nji ýylyň 14 – nji ýanwarynda duşuşyk we ussatlyk sapagy geçirildi. Bu duşuşyga kompozisiýa, saz öwreniş, fortepiano we ýekelikde aýdym aýtmak hünäriniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda myhmanlar özleri barada, öz döredijilik işleri barada gyzykly gürrüňler berdiler. “Brodweý” aýdym-saz ugry boýunça eserleri döretmegiň we ýerine ýetirmegiň inçe syrlaryny öwretdiler. Soňra Riçard Straýger  Bit – Box ugry boýunça öz ussatlygyny görkezdi. Aýdymçylar talyplara aýdym aýtmak sungaty boýunça degerli maslahatlaryny berdiler. Ussatlyk sapagynyň ahyrynda myhmanlar öz hoşallyklaryny bildirip mugallymlara we talyplara sungat ýolunda uly üstünlikleri arzuw etdiler we ýadygärlik surata düşdüler.
     2025 – nji ýylyň 16 – njy ýanwarynda paýtagtymyz Aşgabatda aýdym-sazyň merkezi bolan Mukamlar köşgünde amerikaly aýdymçylaryň konserti uly şowhun bilen geçirildi. Konsertde Türkmenistanyň döwlet hory, Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň çagalar hory, simfoniki orkestr, Döwran Şammyýew, Munisa Hudaýbergenowa hem-de dutar saz guralynda Söhbet Annamyradow dagylar hem çykyş etdiler. Konsertde “Brodweý” atly aýdym-saz sahnasy, türkmen aýdymlary, Magtymguly Pyragynyň goşgularyna ýazylan aýdymlar ýaňlandy. 
     Berkarar Watanymyzyň ösüşlere beslenýän döwründe milli aýdym-saz sungatymyzy ösdürmekde, ony dünýä ýaýmakda, kämil bilimli, watansöýüji nesliň kemala gelmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza talyp ýaşlaryň alkyşlary çäksizdir.

Gülzada Bazarowa,
Maýa Kulyýewa adyndaky 
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
Sazyň taryhy kafedrasynyň 
öwreniji-mugallymy.


66fe3e4b0e9fd916.png (787×65)



Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm