Kitap - ruhy hazyna
2024-nji ýylyň 25-nji dekabrynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi zalynda Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar «Hakyda göwheri» atly kitabyň çapdan çykmagy mynasybetli Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy gutladylar hem-de asylly döredijilik işi üçin türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Dabaranyň dowamynda «Jemgyýeti öwreniş ylymlary» kafedrasynyň müdiri Gözel Aýnazarowa, kafedranyň uly mugallymy Annanabat Hojamämmedowa, «Türkmen sazy» kafedrasynyň uly mugallymy Myrat Aşyrow, «Akustiki» laboratoriýasynyň kiçi ylmy işgäri Döwlet Karaýew, «Kirişli saz gurallary» hünäriniň 3-nji ýyl talyby Seýran Atanyýazow we bagşylar topary çykyş etdiler. Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler, ilki bilen türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy mynasybetli gutlag sözlerini beýan etdiler.
Türkmen halkynyň şöhratly taryhyny hem-de edebi mirasyny beýan edýän Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly bu kitaby «Giriş»-den we iki bapdan ybarat. Onuň «Taryha syýahat» atly birinji babynda şöhratly taryhymyz hem-de şol taryh bilen bagly bolan, saklanyp galan taryhy medeni ýadygärliklerimiz «Taryh şu ýerden başlanýar», «Änew medeniýeti», «Bürünç zamanynyň medeni ojaklary», «Beýik Seljuklar döwri» we «Horezmşalar döwleti» ýaly bäş bölümiň üsti bilen beýan edilýär. Kitabyň «Ruhy miras» diýip atlandyrylan ikinji babynda bolsa halkymyzyň ruhy medeni mirasynyň köp öwüşginli gymmatlyklary dogrusynda söz açylýar. Bu barada gyzykly söhbetler babyň «Zehin aýdyňlygy, paýhas käni», «Oguznama» – dünýä baýlygy», «Täsin söhbediň beýany», «Hazyna eýesine hazynadyr diýerler», «Döwletliniň döwlet gözbaşy» we «Gadymy heňňamyň aýdymy» diýen alty sany bölümler arkaly okyja ýetirilýär.
«Hakyda göwheri» kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy zehinli talyp ýaşlarymyzyň aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdyryldy. Magtymguly Rozymämmedowyň «Gahryman Serdarly Berkarar watan» (sazy: I. Gündogdyýewiňki; sözi: A. Soltanowyňky), Kerim Pirnepesowyň «Alkyşnama» (sazy: G. Baýjykowyňky; sözi: A. Gaýlyýewanyňky ) ýaly ýerine ýetiren ajaýyp aýdym-sazlary tomaşaçylaryň şatlygyna şatlyk goşdy.
Dabaranyň ahyrynda gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň mundan beýläkde galamynyň ujynyň ýiti bolmagyny, ajaýyp eserleriniň höwriniň köp bolmagyny, şeýle ajaýyp döwrimizde okamaga, öwrenmäge, döredijilikli zähmet çekmäge döredilip berilen ähli şertleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
Mekan Muhammedow,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
"Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy"
bölüminiň hünärmeni.
