Ýürek buýsanjy


        Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim paýhas ummany-Magtymguly Pyragy” ýyly meniň durmuşymda ýatdan çykmajak  ýyllaryň biri boldy. 
     Tamamlanyp barýan “Pähim paýhas ummany-Magtymguly Pyragy” ýylynda Halkara Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk toýy mynasybetli bellenilýän baýramçylyk dabarasynda “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalyna  mynasyp boldum. Bu baýragyň gowşurylyş dabarasynda sungat işgärleri bilen birhatarda ajaýyp tolgundyryjy pursatlary başdan geçirdik. Meniň buýsanjym, begenjim örän çäksiz duýgulara beslendi. Çünki sungaty öwrenmäge bolan gyzyklanmalarymyň, çykyşlarymyň, hünäre bolan höwesimiň şeýle abraýly baýraklar bilen höweslendirmegi, meni mundan beýläk hem has yhlasly, netijeli we tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrýar.
         Arkadagly Serdarymyzyň meniň çeken ujypsyzja zähmetime beren bu uly şa serpaýy diňe meniň özümi däl eýsem, ähli sungat işgärlerine berlen bahadyr.
      Şu pursatdan peýdalanyp, ylymda-bilimde durmuşa geçirýän uly işleri üçin şeýle-de türkmen sungatyny dünýä tanatmakda edýän atalyk aladalary üçin Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza uly minnetdarlygymyzy bildirýäris. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, halk bähbitli tutýan tutumly işlerinde elmydama üstünlikler hemra bolsun!


Çaryýar JUMAÝEW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Türkmen sazy” kafedrasynyň uly mugallymy Türkmenistanyň at gazanan 
artisti sungaty öwreniş ylymlarynyň doktory. 


66fe3e4b0e9fd916.png (787×65)


Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm