Beýik ösüşleriň waspy aýdym-sazlarda...


    Aşgabat şäheriniň saz ugrunda ýöriteleşdirilien 42-nji orta mekdebinde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Saz mugallymy” kafedrasynyň baky Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygy mynasybetli 6-njy dekabrda “Bitarap Watanym Türkmenistanym” atly konserti geçirildi. 
      Baýramçylyk konsertinde dutarçylar topary, kafedranyň hory şeýle-de birnäçe ýekelikde talyplaryň ýerine ýetirmeginde kafedranyň mugallymlarynyň sazandarlyk etmeginde  owadan aýdymdyr-sazlar ýaňlandy. Bulardan başga-da mekdebiň okuwçylaryndan düzülen hor, dutarçylar hem-de skripkaçylar topary hem çykyş etdi. Konsert Türkmenistanyň halk artisti, ussat kompozitor Baýramdurdy Hudaýgulyýewiň 85 ýyllygy mynasybetli kompozitoryň “Bitarap döwletim bardyr” diýen eseri bilen jemlendi. Ýerine ýetirilen aýdym-sazlar tomaşaçylar köpçüliginiň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.
Konsertde halkyna sowulmaz döwrany, baky bagty peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşly sözler diller sena bolup ýaňlandy. 

Keýik Artykowa,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 
“Saz mugallymçylygy” hünäriniň V ýyl talyby.


66fe3e4b0e9fd916.png (787×65)


Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm