Kitap okamak boýunça bäsleşik geçirildi.
Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň “Şükür bagşy” powestini okamak boýunça talyp ýaşlaryň arasynda kitap okamak bäsleşigi geçirildi.
Hormatly Arkadagymyzyň “Paýhas çeşmesi” kitabynda ata-babalarymyzdan gelýän nakyllarda bellenilşi ýaly “Kitap okanyň ruhy baý”, “Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer” diýip aýdylýar. Şeýle atalar sözünden ugur alyp kitap okamak boýunça bäsleşigi, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy, “Gujurly” bilim merkezi we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komteti bilen bilelikde geçirildi. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň we konserwatoriýanyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet Ýörite sazçylyk mekdebiniň talyp ýaşlaryna ussat ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň “Şükür bagşy” powesti bir aý mundan öň ýagny 2024-nji ýylyň 5-nji noýabrynda okamaga berilipdi. Powesti ýaşlaryň nähili derejede okandyklaryny bahalandyrmak üçin bu gün test görnüşinde bäsleşigiň netijeleri anyklandy.
Nurmyrat Saryhanow 1906-1944-nji ýyllaryň aralygynda ýaşap geçen görnükli ýazyjylaryň biridir. Onuň özboluşy nusga alarlyk ýoly bar. Ol “Giýew”, “Ak tam”, “Ýagtylyk”, “Kitap” atly hekaýalaryň awtory. Ýazyjynyň “Kitap” hekaýasy hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bu eser ideýa-çeperçilik taýdan ussatlarça ýazylandygy we mazmuny taýdan çuňlugy bilen tapawutlanýar.
“Şükür bagşy” powesti Nurmyrat Saryhanowyň döredijiliginde aýratyn yz galdyrdy. Ol bu eserde türkmen dutarynyň gudratyny dünýä jar edýär. Hakyky sungatyň halkylygy baradaky pikiri mizemez ideýany eseriň esasy baýdagy hökmünde parladýar. Nurmyrat Saryhanowyň “Şükür bagşy” powesti esasynda ýörite çeper film hem döredildi. Awtor bu eserini ýyllar öň ýazylandygyna garamazdan, häzirki günlerimizde hem özüniň gymmatyny ýitirmän saklamagy eseriň nähili derejede çeperlik bilen ýazylandygyny subut edýär. “Şükür bagşy” powesti türkmen proza eserleriniň arasynda iň şöhrat gazanan eserlerden biridir.
Akyldarlaryň biriniň: “Gowy kitaby ilkinji gezek okanymyzda, biz täze dost tutunan ýaly bolýarys. Öň okan kitabymyzy gaýtadan okanymyzda bolsa, köne dostumyza sataşan ýaly bolýarys” diýip bellemegi kitabyň adamzada ýakyn doslugyny görkezýär.
Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasa ýuwrulan kitaplaryny okanyňda, ähli şowlulyklaryň gözbaşynda öwrenmekligiň durýandygyna göz ýetirýärsiň. Bu günki geçirilen kitap bäsleşigine hem okamagy söýýän ýaşlaryň işjeň gatnaşmaklary aýdylanlaryň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Bäsleşigiň jemleriniň netijesi esasynda oňa gatnaşyp ýokary baha mynasyp bolan ýaşlaryň birnäçesine hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Bäsleşige gatnaşan ýaşlar türkmen talyplarynyň gözýetimleriniň ýokary bolmagy üçin döredilip berýän ähli mümkinçiliklerine Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz minnetdarlyklaryny aýtdylar.
Nagmat Öwezdurdyýew,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň
“Sazşynaslyk” hünäriniň IV ýyl talyby
