Halypa mugallymyň bitaraplyk baýramy mynasybetli konserti geçirildi


      Ýer ýüzüniň halklaryna parahat durmuş zerurdyr. Ol türkmeniň ajaýyp mukamyndadyr, mekanyndadyr, medeniýetindedir. Türkmen medeniýeti bolsa  parahatçylyk arzuwlaryny alamatlandyrýar. Türkmen nesliniň häsiýetinde, zannynda bolsa tutuş Ýer ýüzüne ýarar parahatçylyga zeper ýetirmek şärikligi ýokdur. Çünki ol enäniň ýagşy arzuwlar siňen parahat hüwdüsinden kemal tapdy. Ata-balalrymyzyň ýaşaýyş-durmuş teribiýesinden mysal aldy.
    Milli medeniýetimiziň başy-her bir türkmen ojagynda dutaryň bolmagy, onuň owazynyň ýaňlanmagy adat hasaplanýar. Ol bolsa öz owazyny diňe päk arzuwlardan, ýagşy umytlardan alýar. Baky Bitaraplygymyzyň sakasynda milli medeniýetimizde jemlenen halkymyzyň abadan ýaşaýyş, parahat durmuş hakyndaky oý-pikirleri, ýagşy niýet arzuwlary bar. 
           Türkmen milli saz gurallarynyň owazy, mahmal owazly bagşylarymyzyň ajaýyp aýdymlary, şahyrlarymyzyň şygyrlary özboluşly sazlaşyp parahatçylyk namasyny emele getirýär.
       Şu günler ýurdumyzyň dürli künjelerinde baky Bitaraplygymyzyň baýramy mynasybetli dabaralar ýokary derejelerde bellenilip geçilýär. Ýakynda Baky Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygy mynasybetli Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Bagşyçylyk sungaty” kafedrasynyň uly mugallymy Türkmenistanyň halk bagşysy Rejepdurdy Begenjowyň “Kalba siňen owazlar” atly konserti geçirildi. Konsertde halypa mugallym türkmen bagşylarynyň dillerden-dillere geçip halypa-şägirtlik ýoly arkaly biziň günlerimize gelip ýeten aýajaýyp aýdymlaryň birnäçesini ýerine ýetirdi. Halypa bagşa konserwatoriýanyň uly mugallymlary Annaseýit Annamyradow, Aganazar Öwezgeldiýew, Meýlis Goçmyradow dagylar sazandarlyk etdiler.
          Ýerine ýetirilen eserlerden Türkmen halk aýdymlary “Ýagşydyr”, “Sallanan Gözel”, “Azat eýlegin”, “Alagaýyşly” ýaly aýdymlar diňleýjiler üçin has-da ýatda galyjy eserler boldy. 
          Bu konserte halypanyň şägirtleri we bile zähmet çekýän kärdeşleriniň hem birnäçesi gatnaşdylar
         Konsertiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumuzyň abadanlygy, parahatçylygy ugrunda alyp barýan işleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz minnetdarlyklaryny aýtdylar.


Dinara Dawletowa,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 
“Sazşynaslyk” hünäriniň I ýyl talyby

66fe3e4b0e9fd916.png (787×65)


Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm