Atageldi Garýagdyýew ýaşlara görelde...
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň ýekelikdäki konserti geçirildi. Konsertde sazandarlyk eden Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow. Uzak garaşylan konserta Atageldi Garýagdyýewiň agzybir maşgalasy, konserwatoriýanyň mugallymlary we talyplary hem-de daşyndan myhmanlar gelip tomaşa etdiler.
Atageldi Garýagdyýew konsertiň dowamynda türkmen kompozitorlarynyň we daşary ýurt kompozitorlarynyň operalaryndan ariýalary ondan başga-da aýdymlary ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Dabaraly konsert Wolfgang Amadeý Mosartyň “Don Žuan” operasyndan Don Žuanyň ariýasy bilen açyldy. Konsertda ussat halypanyň ýerine ýetiren Juzeppe Werdiniň “Trawiata” operasyndan Žermonyň ariýasy, P. I. Çaýkowskiniň “Ýewgeniý Onegin” operasyndan Oneginiň ariýasy, Joakkino Rossininiň “Sewil dellegi” operasyndan Figaronyň ariýasy, Türkmenistanyň Medeniýet Merkeziniň Mukamlar köşgüniň Döwlet hory bilen bilelikde Žorž Bizeniň “Karmen” operasyndan Eskamilýonyň kuplety, Teodorro Kottraunyň täzeden işlemeginde Neopolitan halk aýdymy “Santa Luçiýa”, Daňatar Öwezowyň “Şasenem-Garyp” operasyndan Ezberhojanyň ariýasy, “Don Sezar de Bazan” spektaklyndan “Maritana” aýdymy, Nury Halmämmedowyň “Aýa döndi”, Hydyr Allanurowyň “Näme sen”, Daňatar Hydyrowyň “Şadyýan gün” aýdymlary tomaşaçylara ruhy lezzet berdi. Konsertiň dowamynda Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumowyň ýekelikde ýerine ýetirmeginde Friderik Şopeniň walsy, Nury Halmämmedowyň “Dutaryň owazy” ýaňlandy.
Ussat Atageldi Garýagdyýew özüniň ajaýyp çykyşy bilen dabara joşgun paýlady. Şowhunly konsertiň ahyrynda tomaşaçylar güler ýüz bilen Atageldi Garýagdyýewe gül sowgatlaryny gowşuryp, özleriniň minnetdarlygyny bildirip ýädigärlik surata düşdiler.
Türkmen aýdym-saz dünýäsinde ajaýyp owazy bilen sungat äleminde özüni tanadan ussat halypa Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew häzirki wagtda Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynda ýaş aýdymçylara sapak berýär, olaryň öz hünärleriniň ussady bolmagyna, kemala gelmegine ýardam edýär.
Ogulnur Sultanowa,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň
“Sazşynaslyk” hünäriniň III-nji ýyl talyby.