BAŞYMYZDA ATA WATAN BAÝDAGY, ÝAŞLARMYZYŇ BUÝSANJYDYR BAÝRAGY.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň noýabr aýynyň 16-na ýurdumyzyň onlarça öňdebaryjy ýaşlaryna Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy dabaraly ýagdaýda gowşuruldy. Ýaşlaryň arasynda bu abraýly baýraga Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýamyzyň işjeň ýaşlarynyň hem ikisi mynasyp boldy. Biz bolsa öz talyplarymyzyň bu üstünliginigutlmak bilen, olaryň ýürek buýsançlaryny ýazga geçirip size hödürlemegi makul bildik. Çünki atalar sözünde aýdylyşy ýaly, «şatlygyňy paýlaşsaň artar!»
Kuwwat Ýowbasarow
«Sazşynaslyk» hünäriniň V ýyl talyby:
Ýaňy ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan guramanyň döredilen gününde ylymda, bilimde, saglykda, sportda, medeniýetde, sungat ulgamlarynda döredijilikli zähmet çeken ýaşlara, ýagny mugallymlar, talyplar, okuwçylar hem-de dürli ugurda zähmet çekýän işgärler we ýurdumyzyň ýaşaýjylary bilen bilelikde Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyny almak maňa hem nesip etdi.
Talyplyk döwrüňde şeýle serpaýlardan paýly bolmak bagtlylykdan nyşan. Bu biziň ata Watanymyzda ýaş nesle goýulýan aýratyn hormaty görkezýär we mähriban Diýarymyza, milli medeniýetimize, zähmete we döredijilige bolan söýgümizi has-da çuňlaşdyrýar.
Bu baýragyň gowşurylyş dabarasynda biz deň-duşlarymyz bilen bir hatarda ajaýyp tolgundyryjy pursatlary başdan geçirdik. Meniň buýsanjym, begenjim örän çäksiz duýgulara beslendi. Çünki sungaty öwrenmäge bolan gyzyklanmalarymyň, çykyşlarymyň, hünäre bolan höwesimiň şeýle abraýly baýraklar bilen höweslendirmegi, meni mundan beýläk hem has yhlasly, netijeli we tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Mundan beýläk hem halyplarymyzyň ýoly bilen diňe öňe gitmäge itergi berýär.
Şeýle bagtyýar pursatlarda biz ýaşlara okamaga, öwrenmäge we döretmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Hak Howandarymyz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlarymyzy aýdýarys.
Keýik Artykowa,
«Saz mugallymçylygy» hünäriniň V ýyl talyby:
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyñ her bir güni toýdur-baýramlara, şanly senelere, taryhy wakalara beslenýär. Şeýle arzylanýan taryhy günlerde maña hem Türkmenistanyñ Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyñ Merkezi geñeşiniñ yglan eden, Türkmenistanyñ Ýaşlar baýragyna eýe bolmak bagty miýesser etdi. Bu ajaýyp baýrak meniñ göwün guşumy al asmana göterdi we ýene-de täze üstünliklere rowaçlandyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar―Watanyñ daýanjy» diýip, biz ýaşlara diýseñ uly ynam bildirýär. Elbetde biz hem şu ajaýyp jümlelerden ugur alyp özümiz üçin döredilýän mümkinçiliklerden ruhlanyp okaýarys, öwrenýäris, döredýäris, Watanymyzyñ röwşen geljegi ugrunda alnyp barylýan işlere öz goşandymyzy goşýarys we şeýle ajaýyp baýraklara eýe bolýarys. Çünki ata Watanymyz Turkmenistan arzuwlaryñ hasyl bolýan ýurdy.
Halkyna şeýle sowulmaz döwrany, eşretli zamany, baky bagty peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksiz. Milli medeniýetimiziñ sungatymyzyñ Hak hossarlary Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyñ, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyñ janlary sag, belent başlary aman, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin! Diýarymyzda aýdym-sazlarymyzyñ sesi belentden-belent ýañlansyn!
Ýazga geçiren,
Röwşen Ataýew
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Sazyň taryhy” kafedrasynyň mugallymy
