“Parahatçylyk owazy” atly konsert geçirildi


     2024-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Ýurdumuzyň birleşen Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary orkestriniň “Parahatçylyk owazy” atly konserti geçirildi. Orkestr toparynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hem-de ýurdumuzdaky ýörite sazçylyk we sungat mekdepleriniň üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary orkestrlarynyň sazandalry jemlenipdir. 
        Ilkinji geçek ýokary derejede geçirilen bu orkestryň konsert meýilnamasyna türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň dünýä meşhur eserleri ýerleşdirilipdir. Orkestra konserwatoriýanyň “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” kafedrasynyň mugallymy Gurbanberdi Begenjow hem-de “Kirişli saz gurallary” hünäriniň talyby Kowus Bäşimow dirižýorlyk etdiler.
Ýerine ýetirilen eserlerden kompozitor Aman Agajykowyň “Oguzlar” eseri, Çary Nurymowyň Magtymguly Pyragynyň sözlerine döreden “Armanym galdy” aýdymy, aýdymçy Mämmet Nuryýewiň orkestryň sazandarlyk etmeginde ýerine ýetiren “Baga seýle” türkmen halk aýdymy ýaly eserler diňleýjiler köpçüligi üçin has-da täsirli boldy. 
Birleşen orkestr toparynyň çykyşlary bilen birlikde konsertiň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Regtaým” jaz toparynyň çykyşlary hem diňleýjileriň gyzgyn elçarpyşmalaryna mynasyp boldy. Olardan Irwing Berliniň “Owadan geýinmegi başar”eserini we Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýanyň talyp aýdymçysy Täzegül Baýramowa bilen bilelikde “Gloriýa Geýnoryň repertuaryndan” “Men halas bolaryn” eserini ýokary derejede ýerine ýetirildi.
Geçirilen bu orkestr toparynyň konsertine konserwatoriýanyň halypa mugallymlary we talyp ýaşlary bilen birlikde Aşgabat şäherindäki ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň talyplary we saz söýüjileriň ençemesi gatnaşdylar.
      Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen aýdym-saz sungatynyň ýokary derejelere ýetmegi üçin döwlet dörejesinde döredilip berilýän ähli mümkinçilikleri üçin Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň hoşallyklaryny aýtdylar.

Dinara Dawletowa,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Sazşynaslyk” hünäriniň I ýyl talyby. 


66fe3e4b0e9fd916.png (787×65)


 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm