Türkmen ýaşlary halkara aýdym-saz festiwalynda


      2024-nji ýylyň 12-21-nji noýabr aralygynda Germaniýanyň paýtagty Berlinde geçirilýän «Geljek häzir – Merkezi Aziýa» atly aýdym-saz festiwalynda Türkmenistandan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Kirişli saz gurallary” hünäriniň talyplary Seýran Atanyýazow, Kowus Bäşimow we Ahmet Babagulyýew dagylar ýokary derejede çykyş etdiler.
Festiwalyň çäginde talyp ýaşlar kompozitor Meretmuhammet Annamyradowyň kirişli saz gurallary üçin döreden “Türkmenistanyň tebigaty” eserini ýerine ýetirdiler. Ýokary derejede geçirilen festiwaly halkara medeni taslamalar boýunça ýöriteleşen «Dr. Gabriele Minz GmbH» kompaniýasy ýola goýdy. Çäräniň maksady german jemgyýetçiligini häzirki durmuşy we medeni ýagdaý bilen otuz ýyllyk diplomatik gatnaşygy bolan Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda, Türkmenistanda we Özbegistanda geljek üçin göz öňünde tutulýan meýilnamalar bilen tanyşdyrmakdyr. Döredijilik aragatnaşygynyň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlaryndan bolan ýaş sazandalar we kinematografiýaçylar öz halklarynyň medeniýetlerini we däp-dessurlaryny görkezdiler we ýaş nemes medeniýet işgärleri bilen gepleşige girdiler.
     Festiwalyň açylyş konsertinde 12-nji noýabrda Berlin filarmoniýasynda alty sany üçlük – Merkezi Aziýanyň her ýurdundan we Germaniýadan biri, tebigatyň milli aýdym-saz däplerinde şöhlelenmegi we tebigatyň käbir elementleri bilen ylhamlanan eserleri hödürlendi. Konserti guranlar bu ýaş sazandalaryň her birini tanyşdyranda, olaryň milli we halkara kamera sazlarynyň ýaryşlarynyň ýeňijileridigini bellediler.
      «Geljek häzir – Merkezi Aziýa» festiwalyna gatnaşan talyp ýaşlar türkmen talyp ýaşlarynyň halkara derejelerinde çykyş etmekleri üçin döredilip berilýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna özleriniň çäksiz minnetdarlyklaryny aýdýarlar.

Wepa Rzakow,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň
“Sazşynaslyk” hünäriniň I ýyl talyby


66fe3e4b0e9fd916.png (787×65)



Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm