Sazy halkyň ýüregine siňen ussat halypa


     Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň we Ýaşlar baýragynyň eýesi, zehinli mugallym, ussat kompozitor Rejep Rejepowyň 80 ýyllygyna bagyşlanyp halypalaryň gatnaşmagynda döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyga R. Rejepow bilen bile işleşen, ýakyndan tanaýan halypalar “Gurallama we kompozisiýa” kafedrasynyň müdiri, kompozitor Kerim Garowow, Türkmenistanyň halk artisti, Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky Döwlet drama teatrynyň sahna ussady Anna Meläýew hem-de Türkmenistanyň halk artisti Arslan Atdanow gatnaşdylar. Duşuşygyň başynda “Sazyň nazaryýeti” kafedrasynyň müdiri Şemşat Annaglyjowa kompozitor R. Rejepow barada gyzykly maglumatlar gürrüň berdi hem-de kompozitoryň ömri we döredijiligi barada taýýarlan wideoýazgylary we suratlary görkezdi.
        Soňra halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirmek bilen kompozitor bilen bile işleşen Kerim Garowow ussat halypa barada şeýle belläp geçdi: “Türkmen halkynyň iň beýik ogullaryndan biri R. Rejepowyň döredijiligi ýatlanýar. Onuň eserleri diňe bir Türkmenistanda däl eýsem, dünýäniň ähli künjeginde sazy ýaňlanýar. Şeýle meşhurlygyna, tanymaldygyna garamazdan örän sada we ýönekeý, kiçigöwünli adamdy. Onuň sazynda-da öz tutanýerliligi, ugurtapyjylygy, zähmetsöýerligi siňen ýaly sünnälenip işlenen. R. Rejepowyň irki eserlerinde biziň meşhur kompozitorlarymyz N. Halmämmedow, D. Öwezowyň däplerini ýöredýän bolsa, soňra eserleriniň garmoniýasynda we saz pikirlenmesinde, saz dilinde özboluşly açyş edýär. Ussat halypany we döreden eserlerini mydama ýatlap durmaly... ”. Türkmenistanyň halk artisti Arslan Atdanow: “Ussat halypa R. Rejepowyň her bir eserleri halkymyzyň ýüreginiň töründe, kalbynda ýaşaýar. Şular ýaly ussat halypalary tebigat bize eçilipdir. Onuň “Daş galdy”, “Deňeýän”, “Humaý gözli”, “Gözledim seni”, “Dillen läläm” ýaly ajaýyp eserlerini şu güne çenli ýerine ýetirip gelýäris... ”. R. Rejepow diýlende ilki bilen kinofilmleriň sazy soňra liriki äheňde ýazylan aýdymdyr-romanslar göz öňüne gelýär. Bu barada Türkmenistanyň halk artisti, Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky Döwlet drama teatrynyň sahna ussady Anna Meläýew hem öz çykyşynda gürrüň berdi: “R. Rejepowyň beýik döredijiligi sözüň doly manysynda sungatyň iň beýik derejelerine çykan hakyky ussat kompozitordyr. Kompozitor kinoň diline düşünýärdi we olara şeýle aňsatlyk bilen saz ýazýardy...”. R. Rejepow öz döredijiliginiň dowamynda kino sazynyň žanry esasy orny eýeläp, 60 sany kinofilme saz ýazýar. Onuň ýazan sazlary bolýan wakany açyp görkezýär, aktýoryň keşbini, häsiýetini sazy bilen janlandyrýar. Kompozitor  kino sazlary, aýdym-romanslardan başga opera, hor, kamera-instrumental, simfoniki eserleri hem döretdi.  
         Bu döredijilik duşuşygynda kompozitor, aýdymçy hem-de sahna ussady bilen duşuşyk geçirilmeginiň sebäbi kompozitor R. Rejepow döredijiliginiň köp bölegini kinofilmlere saz ýazmak we aýdymdyr-romanslary döretmek şeýle-hem “Kompozisiýa” hünärinde bilim alýan talyplara saz döretmegiň inçe syrlaryny öwretmek bilen meşgullandy. 
      Duşuşygyň dowamynda sanly ulgam arkaly sungaty öwreniş ylymlarynyň doktory, Rimskiý-Korsakow adyndaky Sankt-Peterburg konserwatoriýasynyň daşary ýurt edebiýaty kafedrasynyň professory Wladimir Gurewiçiň ussat kompozitor baradaky täsirli gürrüňleri diňlenildi. Soňra “Gelin”, “Öz obamyň adamlary”, “Jemalyň daragty” ýaly kinolardan gysgaça parça goýberlip, R. Rejepowyň kinofilm sazlary ýaňlandy. 

Oraztäç Amanmyradowa,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli 
konserwatoriýasynyň “Sazyň nazaryýeti” 
kafedrasynyň mugallymy


66fe3e4b0e9fd916.png (787×65) 



Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm