Gadymyýetden gaýdar asly, meşhur türkmen alabaýy
2024-nji ýylyň oktýabr aýynyň 26-na Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphanasynyň guramagynda “Gadymyýetden gaýdar asly, meşhur türkmen alabaýy” ady bilen kitap sergisi we talyp ýaşlaryň arasynda söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphana hünärmenlerimiz uzak ýyllaryň dowamynda wepadarlygyň, edermenligiň nusgasy hökmünde arzylanyp gelen türkmen alabaý itleriniň aýratynlygy, ösdürilip ýetişdirilişi, barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle hem arassa tohumly itleriniň Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmen alabaýy” atly kitabynda berlen gyzykly maglumatlar barada aýratyn nygtaldy we wepaly, edermen türkmen alabaýyny, onuň edermenligi barada beýan etdiler. Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan kitap sergisi ýaşlarda uly täsir galdyrdy.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda abadan we bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýtdylar.
Maýa Rejepowa,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň II derejeli kitaphanaçysy.