GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ KITAPLARY ÝAŞLARA ÝOL ÝÖRELGE
Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýaşlarda kitaba bolan söýgüni artdyrmak, Gahryman Arkadagymyzyň ýiti galamyndan syzylyp çykan ajaýyp kitaplarynyň üsti bilen watansöýüji, kämil bilimli talyp ýaşlary milli ruhda terbiýelemek, olarda mirasa bolan sarpany, zähmete söýgini döretmek maksady bilen “Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary ýaşlara ýol-ýörelge” atly duşuşyk we kitap sergisi geçirildi
Duşuşygy Türkmenistanyň halk artisti Gülälek Akmyradowa alyp bardy. Çäräniň dowamynda ýaňy ýakynda çap edilen Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVI jildiniň hem-de Kerim Gurbannepesowyň, Gurbannazar Ezizowyň Berdinazar Hudaýnazarowyň täze çap edilen goşgular ýygyndysy bilen tanyşdyryldy.
Döredijilik duşuşygyna Türkmenistanyň halk artistleri A. Garýagdyýew, G. Akmyradowa, T. Mätnazarow Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Jemgyýetçilik ylymlary” kafedrasynyň müdiri we uly mugallymy G. Aýnazarowa dagylar gatnaşdylar.
Ilki bilen halypa mugallym Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewe söz berildi. Ol öz gürrüňinde ussat şahyrlarymyz K. Gurbannepesow, G. Ezizow, B. Hudaýnazarow bilen duşuşyklary barada gürrüň berdi. Biz ýaşlara kitap okamagy öwüt-ündew etdi.
Soňra Türkmenistanyň halk artisti Tirkiş Mätnazarowa söz berildi. T. Mätnazarow hoş owazy bilen birnäçe goşgulary çeper okap berdi. Ol öz çykyşynda Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary halkymyza aýratyn hem biz medeniýet we sungat işgärlerine egsilmez şatlyk paýlanlygy, çünki ol eserlerde Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza hem-de halkymyza çäksiz söýginiň bardygyny görmek bolýar. Şeýle hem Kerim Gurbannepesowyň, Gurbannazar Ezizowyň Berdinazar Hudaýnazarowyň täze çap edilen goşgular ýygyndysy bilen tanyşdyryp geçdi.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň "Bagşyçylyk" hünäriniň talyplary belli aýdymlaryň biri "Altyň biri" aýdymyny ýerine ýetirdiler.
Döredijilik duşuşygynyň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Jemgyýetçilik ylymlary” kafedrasynyň müdiri we uly mugallymy G. Aýnazarowa talyplarda kitaba bolan höwesi artdyrmakda alyp barylýan işler, kitaplaryň üsti bilen watansöýüji, kämil bilimli talyp ýaşlar milli ruhda terbiýelemek, olarda mirasa bolan sarpany, zähmete söýgini döretmek barada gürrüň berdi.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýanyň “Saz mugallymçylygy” hünäriniň talyplary D. Gurbangeldiýewa, K. Artykowa, Ý. Ýazgylyjow ussat şahyrlarymyzyň goşgularyny labyzly okap berdiler.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň halk artistleri Atageldi Garýagdyýew, Tirkiş Mätnazarow özüniň labyzly owazlary bilen aýdymlary ýerine ýetirdiler. Ata Watanymyza mundan beýläk-de gülledip ösdürmek babatda döwlet ähmiýetli işleri durmuşa ornaşdyrýan, halkymyza gymmatly eserlerini peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Altyn Ýangyýewa,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Sazşynaslyk” hünäriniň III ýyl talyby.