Miras bolup geçsin nesilden-nesle...
Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Kerim Gurbannepesowyň 95 ýyllygy mynasybetli Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda döredijilik duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda halypanyň ömri we döredijiligi barada giňişleýin durlup geçildi. Oňa Gökdepe etrabynyň 28-nji orta mekdebiniň mugallymy Nazar Gurbannepesow ýagny halypanyň ogly hem gatnaşdy. Nazar Gurbannepesow birnäçe halypa baradaky ýatlamalaryny, gyzykly söhbetlerini şeýle-de şahyryň talyplar bilen geçiren duşuşyklaryndaky gyzykly ýatda galyjy täsirli wakalaryny we sorag-jogaplaryny duşuşyga gatnaşanlar bilen paýlaşdy we birnäçe goşgy setirlerini täsirli özüne çekiji owaz bilen ýerine ýetirip berdi. Bu çärede Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Jemgyýeti öwreniş” kafedrasynyň müdiri, Gözel Aýnazarowa hem özüniň halypa baradaky täsirli çykyşyny tomaşaçylar köpçüligine ýetirdi. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kerim Gurbannepesowyň çowlugy Türkmen Döwlet medeniýet institutynyň talyby halypanyň ady dakylan Kerim Gurbannepesow hem duşuşyga gatnaşyp halypa barada ajaýyp söhbetler etdi we şahyry ýatladýan owadan owazy bilen öz goşgularyny hem-de halypanyň birnäçe goşgularyny ýerine ýetirip berdi. Ondan soňra “Ussat ýazyjymyz Kerim Gurbannepesowyň goşgularynyň ýaş nesillerimize berýän terbiýeçilik ähmiýeti” diýen tema bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphana müdiri Maral Nuryýewa çykyş etdi. Döredijilik duşuşygyny Türkmenistanyň at gazanan artisti Batyr Çaryýew alyp bardy. “Sazyň taryhy” kafedrasynyň öwreniji mugallymy Gülsoltan Döwletowa gurnady.
Duşuşygyň soňunda oňa gatnaşan myhmanlara hoşallyk sözleri aýdyldy we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Duşuşykda edilen çykyşlar tomaşaçylar köpçüliginiň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.
Keýik Artykowa,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Saz mugallymy” kafedrasynyň V ýyl talyby.