Konserwatoriýanyň zehinli ýaşlary
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygarynyň astynda türkmen aýdym-saz medeniýeti uly sepgitlere ýetýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda halypa-şägirtlik ýoly ösdürmek maksady bilen uly gerimli işler alynyp barylýar. Ilki bilen biz ýaşlara aýdym-saz sungat äleminde ähli mümkinçilikleri döredip berýän we “Ýaşlar biziň geljegimizdir” diýip uly ynam bildirýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sag bolsunlarymyzy aýdýarys.
Şeýle uly mümkinçiliklerden peýdalanyp, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda güýz paslynyň oktýabr aýynda “Konserwatoriýanyň zehinli ýaşlary” atly saz festiwaly däp boluşy ýaly gurnalyp, uly dabara bilen dowam edýär.
Oktýabr aýynyň 12-19-njy aralygynda ýaş hünärmen mugallymlar, öz ýerine ýetirijilik sungatlaryny sahnada ussatlyk bilen görkezýärler.
Şeýlelik bilen oktýabr aýynyň 12-ne “Estrada sungaty” kafedrasynyň uly mugallymy Kakajan Hudaýberdiýewiň üflenip çalynýan saz gurallarynda ýekelikdäki konserty bolup geçdi.
14-nji oktýabrynda “Saz mugallymy” kafedrasynyň ýaş mugallymy Dörtguly Ataýewiň we Züleýha Öweniýazowanyň bilelikdäki konserti geçirildi. Dabaranyň dowamynda häzirki zaman mukamçy kompozitorlarynyň döreden eserlerini hem-de ýaşuly halyplaryň halkyň söýgüsini gazanan eserlerini ýerine ýetirdiler.
15-nji oktýabrynda “Estrada sungaty” kafedrasynyň ýaş mugallymy Arzygül Gylyjowa we mugallym Begenç Moşiýewiň ýekelikdäki konsertleri geçirildi. Festiwalda daşary ýurt aýdymlary we türkmen halkynyň baky köňlüne siňen aýdymlar joşgunly dabarly ýerine ýetirildi.
18-nji oktýabrynda bolsa “Estrada sungaty” kafedrasynyň ýaş mugallymlary Aýgül Rejepowa we Leýla Serdarowanyň bilelikdäki konsertleri geçirildi. Konsertyň dowamynda klassiki sazlar ýaňlandy. Mugallymlara Jennet Ataýewa bilen Rahimna Gadimi sazandarlyk etdiler. Ýaş mugallymlar özleriniň ussatlygyny, erjelligini, duýgularyny ýerine ýetiren eserlerinde buýsançlyk bilen beýan etdiler.
Oktýabr aýynyň 19-na festiwalyň jemleýji pursatlary “Kamera ansambly” kafedrasynyň mugallymlary Dessan Annaçaryýewiň we Guwanç Saparmyradowyň bilelikdäki konserty boldy.
Şunluk bilen hepdäniň festiwaly hem şatlykly-şowhunly, dabaraly geçirildi. Oktýabr aýynyň soňky hepdesindäki dabaraly saz festiwalyna siziň ähliňize garaşýarys!
Humaý Amanowa,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
"Sazşynaslyk" hünäriniň IV ýyl talyby.